Şermet Permanow grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy

02:5628.02.2018
0
11744

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde grek-rim we erkin göreş boýunça badalga alan Aziýa çempionatynyň birinji güni grek-rim usuly boýunça 77 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen pälwany Şermet Permanow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sport göreşi boýunça ýurdumyzyň türgenleriniň 7 medal gazanmagy milli mekdebiň mümkinçilikleriniň uludygyna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň