Futbol boýunça dünýä çempionaty, şübhesiz, iň uly futbnol baýramçylygy. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän dünýä kubogy ugrundaky ýaryş şu ýyl Russiýa Federasiýasynda ýaýbaňlandyrylar. Arzyly kubok hem-de dünýäniň iň güýçli ýygyndysy bolmak üçin 30-dan gowrak milli ýygyndy bir aý çemesi wagtyň dowamynda göreş alyp barýar. Şol bir aý bolsa futbol dünýäsi üçin hakyky baýramçylyga öwrülýär.
“FIFA World Cup Trophy Tour” diýlip atlanydyrylýan çäre dünýä kubogy ugrundaky ýaryşa aýratyn öwüşgin bagyşlaýar. Eýýäm dördünji gezek geçirilýän kubogyň syýahaty öz gözbaşyny 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen çempionatdan alyp gaýdýar. FIFA-nyň — Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň iň uly hemaýatkärleriniň biri bolan «Coca-Cola» kompaniýasy tarapyndan guralýan çäräniň ilkinji syýahatynda altyndan ýasalan kubok 28 döwletiň 31 şäherinde boldy. 2010-njy ýylda Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen ýaryşda bolsa 84 döwlet kubogy özünde myhmançylyga kabul etdi. Mundan dört ýyl ozal Braziliýa geçirilen ýaryşyň bosagasynda bolsa kubok dünýäniň 90 ýurdunda görkezildi.
Russiýada geçiriljek çempionatyň kubogy öz syýahatyna geçen ýylyň sentýabr aýynda girişdi. Bu syýahat iki tapgyrda Russiýanyň 24 şäherinde, şol sanda Dünýä çempionatyny kabul etjek 11 şäherde (jemi 27000 km) we dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda dowam eder. Bu döwletleriň hataryna taryhda ilkinji gezek Türkmenistan hem goşuldy.
Düýn günüň birinji ýarymynda FIFA-nyň, «Coca-Colanyň» we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri dünýä kubogyny paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezine alyp geldiler. Bu waka mynasybetli Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň köp sanlysy bu ýere ýygnandy.
Dabarada, ilki bilen, ozalky futbolçy, dünýä çempiony häzir bolsa FIFA-nyň strategik maslahatçysy bolup işleýän Kristian Karambe söz berildi. Bu ýyldyzyň ady futbol janköýerlerine tanyşdyr. 1998-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan futbolçy Fransiýanyň «Nant», Italiýanyň «Sampdoriýa», Ispaniýanyň «Real», Angliýanyň «Midlsbro» ýaly klublarynda çykyş etdi. Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempionlygyndan başga-da, Konfederasiýalar kubogynyň we Ýewropa çempionatynyň altyn medallary futbolçynyň şöhratly geçmişini bezeýär.
— Elbetde, her kim dünýä kubogyny görmegi arzuw edýär. Şonuň üçin hem biziň her baran ýerimiz uly toýa öwrülýär. Şu gün biz Türkmenistanda hem futbolyň muşdaklarynyň kändigine şaýat bolduk. Men olaryň ählisini dünýä kubogynyň taryhda ilkinji gezek Türkmenistana, onuň ajaýyp paýtagty Aşgabat şäherine getirilmegi bilen gutlaýaryn — diýip, myhman dabarada eden çykyşynda nygtady.
«Coca-Cola» kompaniýasynyň önümçilik direktory Felipe Çewitare çykyşynda dünýäniň iň uly, iň gymmatly futbol baýragyny Aşgabada getirmegiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. — Bu kubogy FIFA tarapyndan iň saýlanan döwletler myhman alyp bilýärler. Türkmenistanyň hem şol döwletleriň arasynda bolmagy futbolyň ýokary derejede ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýurtda futboly ösdürmek boýunça alyp barýan işleri üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirýärin — diýip, myhman sözüni jemledi.
Dabarada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri hem çykyş etdiler.
Çykyşlardan soňra, dabaraly ýagdaýda dünýä kubogy bu ýere gelenlere görkezildi. Dünýä çempiony Kristian Karambe kubogy ellerinde saklap, ýokary galdyrdy. Soňra dabarany gurnaýjylar bu ýere ýygnanan köp sanly futbol muşdaklaryna dünýä kubogy bilen surata düşmek mümkinçiligini döretdiler.