Soňky habarlar

Arhiw

Türk kompaniýasy TOPh gaz geçirijisi bilen ugurdaş elektrik geçirijisini gurmagy öz üstüne alýar

07:2701.02.2018
0
6423

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Bu gaz geçirijiniň ugrundaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, bu taslama elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer, şol döwletleriň hökümetleri türkmen Lideriniň başyny başlan bu taslamasynyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler.

Elektrik energiýasynyň önümçiligini hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen senagat önümçiliklerini gurmak Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda 2013-2020-nji ýyllarda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde eýýäm gazturbina elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy.

Bu ulgamda amala aşyrylýan iri möçberli işleriň ýurdumyzy özüniň elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy ýurtlara—Owganystan Yslam Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen howa elektrik geçiriji ulgamy hem-de güýjenmesi 500 kilowolt bolan kiçi stansiýa guruldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylykly ösüş, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bähbidine dünýäniň sarp edijileriniň türkmen energiýa serişdelerini ibermek boýunça giň möçberli işleriň täze tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň