Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Gujurly nesil» okuw merkezi bilen birlikde guramagynda kitapsöýüjileriň arasynda gyzykly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige dürli ýaşlardan bolan 200 çemesi kitaphon gatnaşdy. Bäsleşigiň maksady ýaşlary kitaphana medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan we olar üçin kitaplaryň syrly dünýäsine sary ýol arçamakdan ybarat diýip, bu barada ORIENT saýty habar berýär.
3 dilden 5 ugur boýunça geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylara türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň «Keseki», iňlis dilinde Ben Karsonyň «Altyn eller», rus dilinde bolsa Grigoriý Petrowyň «Finlandiýa — ak liliýalaryň watany» atly romanlary hödürlenildi.
Bäsleşikde türkmen dilindäki eser boýunça Gurbangeldi Gurbangeldiýew, rus dili boýunça Pawel Wassenko, iňlis dili boýunça bolsa Akmyrat Atajanow ýeňiji boldy. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlary we «Gujurly nesil» okuw merkezine ýazylşykda 50 we 20 göterimlik arzanlaşyk bilen sylaglanyldy.