Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat geçirildi

04:5813.12.2017
0
10473

 11-nji dekabrda paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen foruma ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň—Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bar. Maslahata BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça Missiýasynyň, beýleki halkara guramalarynyň, şol sanda ŞHG-nyň we GDA-nyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana söz berildi. Onuň çykyşyndan soň foruma gatnaşyjylara Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işi hakynda ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi.

Soňra maslahat öz işini “Gapma-garşylyklary aradan aýyrmak boýunça gepleşikleri alyp barmak: geljege iň gowy tejribeler, sapaklar we garaýyşlar” hem-de “Öňüni alyş diplomatiýasy hereketde: dünýä tejribesi, BMG-niň sebit guramalarynyň we düzümleriniň bilelikdäki hereketleri” atly umumy mejlisleriň çäklerinde dowam etdi.

Maslahatyň dowamynda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan we ony yzygiderli dowam edýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi BMG-niň şeýle görnüşli wezipe boýunça ýöriteleşdirilen ilkinji düzümidir. Ol dünýäniň beýleki sebitlerinde özara gatnaşyklar üçin nusga bolup hyzmat edip biler.

Forumyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bu çäräniň ägirt uly amaly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Maslahat öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary özünde jemleýän janly, döredijilik ýagdaýydygyny bellediler.

***

Şol gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde bu düzümiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan daşary işler ministrleriniň we sebitiň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda sebitde öňüni alyş şertlerinde, şol sanda 2018-2020-nji ýyllarda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde sebitara gatnaşyklar boýunça birnäçe anyk tekliplere garaldy.

Umuman, sebitde ähli ulgamlarda öňüni alyş diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmek, Merkeziň goldaw bermeginde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleri boýunça utgaşykly tagallalary işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi we onuň artýan mümkinçilikleri bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Geçirilen metbugat maslahatynda duşuşygyň netijeleri aýan edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýygjam gatnaşyklary, umuman, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň