Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi

04:1330.11.2017
0
8129

29-njy noýabrda Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär.

Duşuşygyň gün tertibine energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň topary girizildi. Hususan-da, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň Energohartiýasynyň strategiýasy we ony amala aşyrmak boýunça toparlaryň 2017-nji ýylda geçirilen işler hem-de ýakyn geljek üçin meýilnamalar barada habarlary diňlenildi.

Bulardan başga-da, mejlisiň tertipnama böleginiň barşynda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine seredildi, bilermenleriň “Energetika pudagynda maýa goýum töwekgelçiliklerine baha berlişi” diýen çykyşy bilen tanyşdyryldy, 2018-2020-nji ýyllarda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän ýurtlaryň sanawy tassyklanyldy. EU4 Energy halkara tehniki kömeginiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji mejlisiň ministrleriň derejesinde geçirilýän bölüminde Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň deslapky netijeleri jemlenildi. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly forum bu babatda ähmiýetli ädim boldy. Oňa ministrler, ýokary wezipeli adamlar hem-de halkara guramalarynyň, energetika kompaniýalarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Beýleki çäreleriň hatarynda Gonkongda we Aşgabatda, şol sanda Merkezi we Günorta Aziýada geçirilen sebitdäki energetika hyzmatdaşlygy boýunça Energetika Hartiýasynyň Maksatlaýyn toparynyň mejlisi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen iş duşuşyklary we maslahatlary bar. Olarda energetika daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we goramak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, energiýa netijeliligi ýaly meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwründe Halkara Energetika Hartiýasynyň (HEH) geografik çäginiň ep-esli giňelendigi bellenildi. Oňa ýene-de ýedi döwlet-Nigeriýa, Keniýa, Burkina Faso, Mali, Birleşen Arap Emirlikleri, Panama we Gambiýa gol çekdiler.

Häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy (EHŞ) ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup, ol energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek bilen bagly bolan çylşyrymly syýasy, ykdysady we hukuk meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Şertnamanyň düzgünleri esasy ugurlaryň bäşisini: energetika gönükdirilýän daşary ýurt maýalaryny goramak we höweslendirmek; energetika serişdeleri, önümleri hem-de energetika enjamlary bilen bagly bolan erkin söwda; turbageçirijiler we ulgamlar boýunça energetikanyň üstaşyr geçirilmeginiň erkinligi; energetika tapgyrynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak hem-de energiýa netijeliligi artdyrmak; döwletleriň arasyndaky ýa-da maýadarlaryň we döwletiň arasyndaky jedelleri çözmegiň guraly ýaly ugurlary gurşap alýar.

Şonuň bilen birlikde, 25 ýyla golaý mundan öň işlenip taýýarlanan EHŞ indi şu günüň, galyberse-de ertirki günüň taraplaryna laýyk gelmeýär. Şundan ugur almak bilen 2015-nji ýylda Gaagada geçirilen Ministrler konferensiýasynda 70-den gowrak döwletler, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi we beýleki guramalar Halkara Energetika Hartiýasyna (HEH) gol çekdiler. Bu resminama syýasy Jarnama bolup, ol energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň umumy ýörelgelerini we esasy ugurlaryny düzgünleşdirýär. Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnagyň nygtaýşy ýaly, şu günler Aşgabatda geçirilýän syýasy geňeşmeler Şertnamany döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyrynyň başyny başlady.

Çykyşlaryň birnäçesinde Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň açýan uly mümkinçilikleri barada hem bellenildi. “Mawy ýangyjyň” Merkezi Aziýadan Ýewropa ugradylyp bilinjek energetika ulgamy Türkmenistanyň gaz ýataklaryny bir bitewi ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi bilen, şeýle hem Azerbaýjanyň we Gruziýanyň energetika düzümi bilen birikdirilip bilner.

Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň täsirini ýumşatmak hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energiýa netijeliligini artdyrmak ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen “ýaşyl ykdysadyýete” geçmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak mejlisiň möhüm pursatlary boldy. Şunda bellenilişi ýaly, dünýäniň netijeli işleýän, açyk we bäsleşikli gaz bazary, şol sanda suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasy geljek birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýä energetikasyny ösmegine aýgytlaýjy täsirini ýetirer.

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak çykyşlary jemlemek bilen forumyň çäklerinde geçirilen çekişmeleriň netijeli häsiýetini belledi. Onda dünýä bileleşigi üçin örän möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň netijelerini jemlemek bilen oňa gatnaşyjylar Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasyny orta möhletleýin strategik resminama hökmünde kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň bu guramada başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerlik hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça gepleşiklere täze itergi beren bu möhüm duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mejlis tamamlanandan soň, Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretarynyň, Türkmenistanyň, şeýle hem 2016-njy ýylda Konferensiýanyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiren Ýaponiýanyň hem-de 2018-nji ýylda bu wezipäni kabul etjek Rumyniýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.

30-njy noýabrda foruma gatnaşyjylar üçin uly medeni maksatnama meýilleşdirilip, ol Türkmen halysynyň milli muzeýine, Döwlet medeni merkeziň muzeýine hem-de Halkara atçylyk sport toplumyna baryp görülmegini öz içine alar.

***

Şeýle hem şu gün forumyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Gruziýanyň Hökümetiniň wise-premýeri, daşary işler ministri Miheil Janelidze hem-de Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament meseleleri boýunça orunbasary Horii Manabu bilen duşuşyklary boldy.

Gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň