Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar

10:2411.11.2017
0
4933
Şu günler Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň tabşyrygy bilen korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda köp sanly çäreler görülýär. Bu babatda Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi. Hususan-da, bu ugurda daşary ýurtlaryň öwrenilen tejribesiniň esasynda kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek boýunça kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär. Bu çäre milli ykdysadyýetimize goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge ýardam eder hem-de innowasion esasda onuň geljekki ösüşini üpjün etmäge maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysady zolaklaryna giňden çekmäge mümkinçilik berer. Milletiň Lideri şahsy taraplaryň maýasyny we emlägini aýawly saklamagyň, olaryň bähbidini goramagyň hukuk kepilliklerini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, hödürlenen teklipleriň ykdysady ulgamda düzgün bozmalara garşy göreşmegiň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilendigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni degişli düzümler bilen bilelikde seljermegiň zerurdygyny aýdyp, degişli ýolbaşça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň