Arhiw

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

10:0612.10.2017
0
16090
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. 

Milli LIderimiz geňeşiň işinden öňürti Soçi şäherindäki “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen LIderi russiýaly kärdeşine türkmen alabaýyny sowgat berdi. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Radisson Blu Resort & Congress Centre” Kongresler merkezinde GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda Arkalaşygyň işiniň jemleri seljerildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra sammitiň işi Uly mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Mejlisiň gün tertibine möhüm ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Arkalaşygyň işiniň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna uýgunlaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Medeni-ynsanperwer ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugrukdyryjy ugrudyr we şeýle bolmagynda galýar. GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz bu ýerdäki çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň barşynda örän möhüm meselelere garalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideri GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna üns bermegiň maksada laýykdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi zerurdyr. Şunda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylmalydyr. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän DIM-ara geňeşmeler GDA giňişliginde toplanan birnäçe meseleleriň çözülmeginde çynlakaý gural bolup hyzmat ederdi.

Türkmen Lideri söwda-ykdysady ugurda işleri anyklaşdyrmagyň geljekki möhüm waka bolup durýandygyny belläp, Arkalaşygyň öz ägirt uly mümkinçiliklerini aýratyn giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has işjeň hem-de doly derejeli goşulyşmagynyň zerurdygyny nygtady. GDA-nyň giňişliginde ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri, sebitara ähmiýetli aragatnaşyk –logistika merkezleri döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda anyk çäreleriň kabul edilmelidigi barada pikir aýtdy, munuň özi umumy bähbitlere hem, aýry-aýry ýurtlaryň bähbitlerine hem laýyk gelýär.

Elbetde, şeýle wezipäni ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki işlere täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerur bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Bu babatda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik. Olar Arkalaşygyň çäklerinde diňe ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge däl-de, eýsem olary yklym we yklymara derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz şeýle çemeleşmäniň ykdysady hyzmatdaşlykda eýýäm ýola goýlan hem-de GDA döwletleriniň arasynda hereket edýän ykdysady hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirip biljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdanlaryny jemlemek bilen, Türkmenistanyň bitarap derejesini nazara almak hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça özara gatnaşyklary dowam etmäge, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň şu ýyl GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde netijeli işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen milli Liderimiz türkmen tarapynyň 2018-nji ýylda bu wezipä Täjigistanyň saýlanmagyny uly hormat bilen goldaýandygyny belledi, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edijileriň biri hökmünde goldanylýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine minnetdarlyk bildirdi.

Mejlisiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy, GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko söz berildi, ol bu Assambleýanyň işi hem-de onuň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşdyrylyşy hakyndaky habar bilen çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, W.Matwiýenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň maslahatlarynyň birini Türkmenistanda geçirmäge çakylyk üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. 

GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi jemleýji resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlandy. Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň