Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat Aziadasynda 18 ýyllyk rekord täzelendi

13:2124.09.2017
0
14425

Agyr atletika Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda iň gyzykly ýaryşlaryň biri. 23-nji sentýabrda bolsa bu ýaryşyň çäginde agyr atletikanyň 18 ýyldan bäri saklanyp gelýän dünýä rekkordy täzelendi. Has takygy, eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi umulykda 413 kilogramlyk netije görkezip, dünýä belli grek agyr atletikaçysy Akakios Kakiaşwilisiň 1999-njy ýylyň 27-nji noýbarynda, ýagny Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda goýan rekordyny täzeledi. Agyr agramdaky türgenleriň Aşgabat ýaryşyna jemi 10 türgen gatnaşdy. Şolaryň biri hem ildeşimiz Ruslan Ramazanowdyr.

Sohrab Moradi rekordy täzelän gününden bir gün öň, ýagny 22-nji sentýabrda 29 ýaşyny doldurdy. Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşan türgen London 2012-den ahmyrly gaýdan hem bolsa, geçen ýyl Rio-de-Žaneýroda altyn medala mynasyp boldy.

«Bu köp ýyllaryň dowamynda eden işimiň netijesi, muňa tüýs ýürekden begenýän. Bu meň yhlasymyň ýerine düşdügidir. Türgen hökmünde, baş maksatlarymyň biri “Olimpia çempiony” diýen ady almak. Bu meň üçin wajyp. Emma bu ýeňşim hem örän uly zat, sebäbi men muny näler isläpdim. Bu ýere mynasyp bolanyma begenýän» diýip, ol ýaryşdan soň žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň