Türkmenistanyň taýboks boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Gülşat Gylyjowa türkmen türgenleriniň «Aşgabat 2017-däki» 100-nji medalyny gazandy. 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 22 ýaşly türgen gyz ýaryşdaky ilkinji tutluşygyna 19-njy sentýbarda çykdy we owganystanly bäsdeşi Sahra Rezaýeni ýeňip, ýarym final duşuşygyna çykmaga hukuk gazandy. Düýn ýarym finalda bolsa taýboksuň watanyndan — Taýlanddan gelen garşydaşy Sirisopa Sirisakdan diňe sähelçe utuk tapawut bilen ýeňlip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady. Bu medal oýunlaryň resmi saýtynda ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gazanan 100-nji medaly hökmünde hasaba alyndy.
Paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdebiň uçurymy bolan Gülşat ilki dzýudo bilen meşgullanýardy. Bir ýyldan bäri bolsa ol Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Orazmuhammet Bäşimowyň we Tirkiş Döwletowyň ýolbaşçylygynda taýboks bilen meşgullanýar. Ol şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby boldy.
«Aşgabat 2017-niň» bürünç medaly Gülşadyň iri halkara ýaryşlarda gazanan ilkinji medalydyr. Mundan öň ol Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.