Soňky habarlar

Arhiw

Bosgunlar topary hem Aşgabat 2017-ä gatnaşar

16:4412.09.2017
0
4182

Ýene-de sanlyja günden gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berler.

12 günläp dowam etjek bu sport baýramçylygyna 2 yklymdan Aziýa we Okeaniýadan jemi 64 döwlet gatnaşar. Şol birwagtyň özünde bu taryhy sport şüweleňe BMG-niň garamagyndaky bosgunlar hem geler. “Bosgunlar topary” (Athletics Refugee Team) diýlip atlandyrylýan bu topara ART kody berildi.

Toparyň baýdagy we senasy hökmünde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy we senasy ulanylar. Bosgunlar toparynyň wekiliýeti jemi 9 adamdan ybarat bolup, olaryň 5-si türgenlerdir. Topara hanym Tegla Çepkit Lorup ýolbaşçylyk eder. Keniýaly Lorup Rio–2016 Olimpiýa oýunlarynda-da topara ýolbaşçy bolupdy.

Öz döwründe uzak aralyklara ylgamakda, marafon ylgawynda meşhurlyk gazanan Lorup, Nýu-Ýork marafonynda ýeňiji bolan ilkinji afrikaly türgendir. 3 gezek ýarym-marafon ylgawynda dünýä çempiony bolan Lorup, bütindünýä parahatçylygy, zenanlaryň hukugy hem-de olaryň bilim almagy ugrunda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Toparyň beýleki 3 agzasy resmi wekiller bolup, olaryň biri BMG-niň wekilidir. Bosgunlar toparynyň adyndan çykyş etjek türgeniň ählisi-de sportuň ýeňil atletika görnüşinden bäsleşerler. Olaryň 2-si Rio–2016 Olimpiýa oýunlaryna-da gatnaşypdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň