Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan — BMGÖM: işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk

03:0706.09.2017
0
7489

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMG-niň Hemişelik wekili hanym Ýelena Panowanyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet işgärlerini taýýarlamak we okuw maksatnamalaryna maglumat usullaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwlet dolandyryş ulgamynda halkara tejribesini hem-de milli iş tejribesini alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar. Şu mesele boýunça duşuşyklar Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, BMG-niň esasy agentlikleriniň wekilleriniň hem-de halkara maslahatçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär.

Şeýle gatnaşyklar döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge hem-de türkmenistanlylaryň döwlet gullugyna hukuklaryny amala aşyrmagynyň netijeli usullaryny we ýollaryny ulanmaga gönükdirilen bilelikdäki maglumat-bilim we maslahat bermek häsiýetindäki giň möçberli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Şu duşuşygyň barşynda halkara we milli derejede döwlet gullugynyň hukuk hem-de guramaçylyk esaslary, halkara kanunçylyk we korrupsiýa garşy göreşmegiň gurallary ýaly ugurlar boýunça sapaklaryň tapgyryny özüne birleşdirýän taslamanyň öňümizdäki çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dolandyryş ulgamynda işleýän hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmakda, ykdysady gurallary we beýlekileri ulanmakda halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, Akademiýanyň mugallymlarynyň we diňleýjileriniň, gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň daşary ýurtlara saparlary meýilleşdirilýär.

Halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda elektron resminama dolanyşygy, strategiki dolandyryş we meýilleşdiriş hem-de ilatyň durmuş hyzmatlaryna bolan isleglerine baha bermek boýunça “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryň we interaktiw usullary ulanmak arkaly okuw maslahatlarynyň birnäçesiniň guralmagy hem Akademiýanyň diňleýjileriniň okuwynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň