Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gurban baýramy giňden bellenilýär

01:0103.09.2017
0
13477

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilip başlandy. Ol üç günüň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça giňden belleniler. Asylly däbe görä, baýramçylygyň birinji gününde irden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ähli metjitlerinde Baýram namazy okalýar.

Bu nurana baýramçylyk mynasybetli adamlar hökmany suratda özleriniň ýakynlarynyňka, dostlarynyňka we goňşularynyňka myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler, sadaka berýärler, her bir öýde saçaklar giňden ýazylýar.

Gurban baýramynyň hormatyna uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Hemme ýerlerde — paýtagtymyzyň we welaýatlaryň seýilgählerinde, medeni we dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk çäreleri hem-de konsertler geçirilýär. Aýratyn hem baýramçylyk mynasybetli gurnalan beýik hiňňillikleriň ýany köp adamly bolýar. Olar Gurban baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Hiňňillikler yslam dinine uýýan beýleki halklarda duş gelmeýär. Hiňňillikleriň golaýynda döredilen sahnalarda meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler.

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasynda haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan zyýaratçylaryň Mekgä we Medinä ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak däp-dessurlaryna ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär, her bir millete, her bir halka zerur bolan umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary we umumymilli mukaddeslikleri wagyz etmäge ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň