Top.Mail.Ru

Arhiw

Bilelikdäki türkmen-owgan söwda öýi döredildi

09:5131.08.2017
0
9533

Ýakynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýi açyldy. Bu taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýardam bermeginde Owganystanyň hususy kompaniýalary bilen bilelikde durmuşa geçirildi.

“Türkmenistan” söwda öýüniň açylyş dabarasyna Balh welaýatynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, OYR-iň DIM-niň hem-de beýleki hökümet edaralarynyň, işewür toparlarynyň, diplomatik missiýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň resmi böleginden soňra toý bagy kesildi hem-de çärä gatnaşyjylar täze söwda merkeziniň önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdylar. Dükanyň iki gatynda ýerleşdirilen tekjelerinde Türkmenistanda öndürilýän dürli görnüşli azyk we senagat harytlary hödürlenýär. Mundan başga-da, dünýäde uly islegden peýdalanýan dokma önümleri, nusgawy nagyşlar bilen bezelen haly önümleri, biziň ýurdumyz üçin täze bolan pudaklaryň harytlary alyjylara hödürlenýär, türkmen telekeçileri bu pudaklary ynamly özleşdirýärler. Olaryň hatarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde häzirki wagtda işjeň kemala gelýän elektron senagaty bar.

Türkmen öndürijileriniň azyk harytlary hem daşarky bazarlarda öz ornuny pugtalandyrýar. Owganystanyň sarp edijileri eýýäm biziň ýurdumyzdan iberilen azyk önümleriniň hiline we tagamyna baha bermäge ýetişdiler. “Türkmenistan” söwda öýünde şeýle hem dürli süýji-köke önümleri, miwe şireleri, gök önüm konserwleri we beýlekiler alyjylara teklip edilýär.

Şol günler Mazari-Şerif şäherinde türkmen telekeçileriniň owgan işewürleri bilen duşuşygy geçirildi, onda işewürlik gatnaşyklaryny hem-de özara haryt dolanyşygyny ösdürmek boýunça geljekki çärelere garaldy, bilelikdäki maslahatlary we sergileri guramagyň, ykdysadyýet we maýa goýumlar ulgamynda maglumatlary alyşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň