TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki işler tertipnama laýyklykda alnyp barylýar

08:5106.08.2017
0
594
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki işler tertipnama laýyklykda alnyp barylýar

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan  gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berildi. Bu gaz magistralynyň türkmen bölegindäki işleri  tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu ugur boýunça Günorta  — Gündogar Aziýa ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin esasda ugradyljakdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, bu möhüm energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna itergi berer we durmuş hem-de beýleki ugurdaky meseleleriň oňyn çözgüdini, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ýardam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň