Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Kabul şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

08:5525.07.2017
0
552
Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Kabul şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Beýik Biribardan sabyr-takat diläp, ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Gudraty güýçli Allatagalanyň Owganystanyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bermegini dileg etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň