Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ekologiýa tehnologiýalary Türkmenistanyň ýangyç toplumynyň ileri tutulýan ugrudyr

04:3729.06.2017
0
17604

Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda arassalaýjy desgalaryň we aýlawly suw üpjünçiliginiň täze senagat ulgamy ulanmaga berildi. Dabara pudak edaralarynyň, şäheriň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça ekologiýa taýdan wajyp taslamany amala aşyran “Petro Gas LLP” britan kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň öňüsyrasynda döredijilik toparlary ruhubelent aýdym-sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerini wasp etdiler. Olar köpöwüşginli konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Dabaranyň barşynda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş ugurly syýasaty netijeli amala aşyrýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol syýasatyň netijesinde ykdysady we durmuş ulgamlarynda giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda durmuş abadançylygynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşdyrylýar. Täze zawodlaryň we fabrikleriň gurulmagy, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de daşky gurşawa ýetýän zyýanyň öňüni almaga mümkinçilik berýän tehnki çözgütleri ulanmak arkaly hereket edýän tehnologiki desgalaryň we beýleki önümçilik düzüminiň desgalarynyň durkunyň täzelenmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Täze desganyň düzüminde kompýuterleşdirilen operator gullugy möhüm orun eýeleýär. Arassalaýjy desgalaryň inžener bloklaryna hem-de senagat we hojalyk galyndylarynyň çeşmelerinden arassalaýyş bloklaryna çekilen turbageçirijilere gözegçilik etmek paýlaýjy ulgamyň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Tehnologiki bloklardan başga-da, operatorlaryň monitoring giňişligine senagat we hojalyk galyndylary üçin rezerwuarlar, köpşahaly lagym ulgamy, nebit galyndylaryny işläp geçmek üçin niýetlenen desgalar we beýleki düzümleýin arassalaýyş desgalary girýär.

Galyndylary arassalamak işi onlaýn ýagdaýynda operatorlaryň otagynda ýerleşdirilen monitorlarda we syn ediş panellerinde şöhlelendirilýär. Olarda iki toplumy emele getirýän tehnologiki ulgamlara girýän inženerçilik bloklarynyň ählisiniň işi beýan edilýär. Esasy bölümde olar öz aralarynda yzygiderli baglanyşdyrylan demirbeton rezerwuarlar görnüşindedir. Şunda inžener-tehnologiki babatda birinji goýberiş toplumynyň ulgamlary biri-birine meňzeşdir we diňe arassalanmaga gelýän galyndy suwlarda duzlaryň, zyýanly maddalaryň hem-de nebit önümleriniň jemlenmegi bilen tapawutlanýar.

Birinji toplumyň enjamlarynyň düzümine üç fazaly nebiti we galyndylary aýryjylar, flotatorlar, ilkinji gezek arassalaýan süzgüçler, has takyk arassalaýjy süzgüçler, nasos stansiýalary hem-de kompressor desgalary girýär. Birinji toplumyň çykalgasynda alnan arassa suw zawod önümçilikleriniň suw dolanyş ulgamynyň üstüni ýetirmek üçin gaýdyp gelýär. Deňiz suwunyň düzümine laýyk gelýän suwuň bir bölegi Hazaryň suwundan goralan suw kabul edijilere akdyrylýar.

Hojalyk-durmuş galyndy suwlaryny ýygnamak, bölüp aýyrmak we arassalamak üçin niýetlenen arassalaýjy desgalaryň ikinji goýberiş toplumy tehnologiki şahalaryň birinden ybaratdyr. Arassalamak işi biologiki reaktorda başlanýar. Bu ýerden galyndy suwlar membranaly süzgüçler arkaly rezerwuara akdyrylýar, şol ýerde biologiki arassalaýyş bolup geçýär. Arassalanan galyndy suwlar ekinleri suwarmak üçin akdyrylýar.

Arassalaýjy desgalaryň öndürijiligi gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metrden gowraga barabar bolar. Olardan gaýtadan ulanylmaga arassa suwuň 25 müň kub metre çenlisi gaýdyp geler. Munuň özi deňiz suwuny süýjediji iri desganyň ulanylmaga berilmegine deňdir.

Täze gurluşygyň desgalar toplumyna şeýle hem sanitar barlaghanasy girýär. Ol ABŞ-nyň we Ýewropanyň esasy önüm öndürýän firmalarynyň ýokary takykly seljeriş enjamlary bilen üpjün edildi.

Şeýle möçberli arassalaýyş desgalary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçiligiň hil taýdan täze ekologiýasyny üpjün eder, diňe bir kärhananyň çäginde däl, eýsem, onuň çäginden daşda, şypahana çäginde we onuň töwereklerinde ep-esli gowulandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň