Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO-2017-de Türkmenistanyň sergi merkezini açdy

05:2111.06.2017
0
6987

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralarynyň hem-de önümçilik kärhanalarynyň birleşdirilen iri möçberli sergisiniň ýaýbaňlandyrylan EKSPO-2017 sergiler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara gutlag bilen ýüzlendi.Döwlet Baştutany «Astana EKSPO–2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň başlamagy hem-de Türkmenistanyň Milli sergi merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu ägirt uly çäräniň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna üstünlikli işlemegi arzuw edip, bu Sergä gatnaşmaga çagyrandyklary üçin, Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Bu halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy, biziň döwletimiziň we bu ähmiýetli çärä gatnaşýan ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de oňat şertleri döredýär diýip, milletiň Lideri belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy dabara gatnaşyjylar tarapyndan üsn bilen diňlenildi.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sergi merkeziniň girelgesinde toý bagyny kesdi hem-de içine girip, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary bilen tanyşdyrylýan giňişleýin sergini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň