Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginiň merkezi naharhana toplumyna baryp gördi

15:4608.06.2017
0
1773

Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutany Olimpiýa şäherjiginiň merkezi naharhana toplumyna bardy. Iki gatdan ybarat naharhana 2 müň 64 adama niýetlenendir. Onuň birinji gatynyň umumy meýdany 5 müň inedördül metre, ikinji gatyň eýeleýän meýdany bolsa 4 müň 600 inedördül metre barabardyr. Onda iki lift we iki sany hem eskalator hereket edýär.

Aziada — 2017-ä gatnaşyjy ýurtlaryň milli medeniýeti, özboluşly aşhana aýratynlyklary  nazarda tutulyp, naharhanada  Aziýa, Ýewropa,  wegetarian we türkmen milli tagamlary hödür ediler.

Milletiň Liderimi bu ýerde türgenler bilen bilelikde ýaryşa gatnaşyjylaryň iýmitleniş ugurlary bilen tanyşdy. Bu ýerde ýola goýlan işler dünýäniň iň gowy tejribelerine laýyk gelýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ýaryşlaryň geçýän pursatlarynda türgenler üçin taýýarlanyljak tagamlaryň birnäçe görnüşleri hödürlenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň