Soňky habarlar

Arhiw

“Kindi” dünýäsiniň köpdürliligi

0
44741

Konditer önümleriniň bazarynyň köpdürliligine garamazdan, köke, guradylan çörek ýaly bugdaý önümleri hem çagalaryň, hem uly adamlaryň arasynda iň meşhur süýjilik hasaplanylýar.  Süýjülikler saýlanylanda, statistika laýyklykda, satyn alyjylaryň üçden biri kökäni ýa-da guradylan çörekleri satyn almaklygy makul bilýär. Guradylan çörekleri, krekerleri öndürýän “Kindi” ýerli kärhanasynyň hem esasy üns merkezinde öndürilýän önümiň hili bolup durýar.

Köke – galyňlygy ortaça, şeýle-de dürli şekillerde bolan konditer görnüşindäki un önümidir. Kökäniň düzümine şeker, un, süýt we ýumurtga ýaly önümler goşulýar. Kökäniň dürli görnüşiniň önümçiligi üçin hamyryň özüniň taýýarlanyş usullary bolýar. Häzirki wagtda kökäniň iki görnüşi – kakaoly we adaty – “petir” kökesi öndürilýär. 

Kreker –süýji ýa-da duzly tagamly kytyrdaýan kökeler görnüşinde konditer (ýa-da bugdaý) önümidir. Üstesine-de iýmitiň beýleki görnüşleri we içgiler bilen bilelikde gowy iýilýär: hiline we tagamyna baglylykda çaý, kofe, kakao, süýt bilen, ýag bilen, peýniriň ýiti ýumşak görnüşleri   we ş.m. bilen iýip bolýar.

 

Guradylan çörekler – tebigy tagam goşundyly kesilen we guradylan çörek köke önümi. Çöregiň hamyry bugdaý we çowdary ununyň goşulmagynda ýörite taýýarlanyş usuly boýunça taýýarlanylýar. Mundan başga-da olaryň “Çişlik, “Sogan we gaýmak”, “Salýami”, “Peýnir” ýaly üýtgeşik tagamlary, owadan we özüne çekiji görnüşleri bilen tapawutlanýar. Her gutuda 30 gramdan dürli görnüşli şekilleri bar. Kärhananyň hünärmenleri hile berk gözegçiligi alyp barýarlar, hut şonuň üçin krekerlere we guradylan çöreklere dünýäde iň gowy goşundylary  goşup taýýarlaýarlar. Ýerli çig mal hökmünde bolsa, esasan  un we künji ulanylýar. 

Kindi” kärhananyň harytlarynyň Türkmenistanyň beýleki öndürijilerden tapawudy, ilki bilen harydyny täsirli hödürlenmegi we olaryň ýokary hilliligi bilen baglydyr. Kärhananyň esasy maksady – bazary ýokary hilli we howpsuz haryt bilen üpjün etmek bolup durýar.

Gündelik durmuşda krekerler we guradylan çörekler ýaş nesliň arasynda adaty garbanmanyň esasyny düzdi diýsek hem ýalňyşmarys, olar talyplaryň we okuwçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Mundan başga-da, konditer fabrikasy “Kindi” sarp edijilere ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli çagalar we ululara sowgat üçin özüniň täze ýyl tapgyrly önümlerini hödürledi.  2021-nji ýyly garşy almak üçin “Kindi” kärhanasy täze ýyl sowgatlaryň dürli görnüşlerini taýýarlap goýdy.

Bu döwürde baýramçylyk  üçin niýetlenen önümler, köp dürli düzümi we bezeginde üýtgeşik dizaýner çözgüdi bilen satyn alyjylary  begendirer. Täze ýyl kolleksiýanyň esasy bölegini kärhananyň önümleri bilen doldurylan täze ýyl sowgat gutujyklary düzýär. 

Şu ýyl kärhana ilkinji gezek “Kindi Boks” ýaly täze ýyl oýunjaklarynyň şekili we kiçi haýwanjyklaryň suraty ýerleşdirilen gyzyl gutujyk görnüşinde, “Kindi Happy New Ýear” – “Grinç” täze ýyl multfilminiň gahrymanlarynyň suratlary ýerleşdirilen ýaşyl gutujyk görnüşinde, “Kindi Crafers” täze ýy nagyşly melewşe gaplama görnüşinde hödürledi. Täze ýyl assortimenti karton gaplamaly süýji sowgatlary we konditer önümlerini, şeýle-de adaty assortimentden bolan önümleri we baýramçylyk bezegli täze önümlerini öz içine alýar. Bularyň ählisi diňe bir çagalary däl, eýsem ululary hem özüne çekýär. Täze ýyl – bu täze umytlaryň we bütin maşgala üçin bagtyň baýramy, we konditer kärhanasy “Kindi” ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli jadylyk we baýramçylyk howasyny uly höwes bilen döredýär. 

Baýramçylyk toplumlaryny lomaý we bölekleýin dükanlarda, şeýle hem söwda merkezlerinden satyn alyp bolar. 

Sowgatlaryň ähli görnüşi bilen olaryň resmi saýty arkaly bellenen salgy bilen tanyşyp bilersiňiz.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar