Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Salkyn otag” kärhanasyna ýüz tutmak üçin bäş sebäp

0
92057

Häzirki wagtda günüň islendik wagtynda, töweregimizdäki gündelik durmuş predmetleri satyn alnan wagtynda esasy alada saglyk we rahatlyk bolup durýar. Bularyň ählisine – biziň durmuşymyzyň rahatlygy üçin döredilen we biziň saglygymyza oňyn täsir edýän predmetler degişlidir. Otagdaky ýaramaz mikroklimat keselleriň döremegine, adam saglygynyň erbetleşmegine we beýleki oňaýsyz alamatlaryň döremegine getirip bilýär. Mälim bolşy ýaly, ber bir adam rahatlygy isleýär, hut şonuň üçin olar öz ýaşaýyş jaýlaryny, iş otaglaryny ýokary hilli klimat tehnikalary bilen üpjün etmäge çemeleşýärler. 

Eýsem, size rahat, aýratyn hem, siziň bedeniňiz üçin, sagdynlyk taýdan amatly bolan klimat şertlerini siziň öýleriňizde, ofisleriňizde we senagat kärhanalarynda döwrebap tehnologiýalary ulanyp, döretmäge kömek etjek ygtybar kärhanany nädip saýlamaly?

“Salkyn otag” HK eýýäm 9 ýyldan bäri ýelejiretme we klimat ulgamyny işläp düzmek we gurnamak pudagy boýunça öz hyzmatlaryny üstünlikli hödürläp gelýär.  Kärhana häzirki wagtda “Gazprom”, BMG, Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna, Belorussiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna we şuňa meňzeş edaralara özüni tanatmagy başardy. “Heat Cold” hususy kärhanasynyň esasy jähtleri – öňde baryjy tehnologiýalary ulanmak, iň ýokary hil, şeýle-de her bir ýagdaýa aýratyn çemeleşme bolup durýar.

Biz aşakda “Salkyn otag” hususy kärhanasynyň bäş sany esasy aýratynlyklaryny hödürleýäris:

1. Enjamlaryň hili

Hyzmat edilende iň ynamly üpjün edijiler tarapyndan hödürlenýän we dünýäniň ekologiýa we hil standartlaryna laýyk gelýän materiallar ulanylýar. Ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilliligi otag sowadyjylary onuň işleýiş netijeliligini peseltmezden we goşmaça çykdajy döretmezden uzak wagtlap ulanmagyny üpjün edýär. 

2. Kepillikler

“Heat Cold” kärhanasy özüniň gurnan enjamlaryna bolan 12 aý we ondan hem artyk kepillik berýär. Hyzmat gullugy gurnalan enjamyň kepillik wagtyndaky we kepillik möhletinden soňraky hyzmatlary öz boýnuna alýar. 

3. Ussatlyk

Tejribeli ökde hünärmenleri saýlamaklyga aýratyn çemeleşme islendik derejedäki meseläniň çözülmegini üpjün edip bilýär. Kärhananyň işgärleri,  tejribesi ýokary bolan we öz tejribesini hemişe artdyrmak bilen bolýan hünärmenlerden ybarat. 

Her bir müşderä aýratyn çemeleşme we olaryň isleglerini kanagatlandyrmak, kärhananyň naýbaşy aýratynlygynyň biridir. 

4. Bahalaryň ygrarlygy

Harytlaryň we hyzmatlaryň bahasy hemişe üýtgeýän ýagdaýda, munuň sebäbi bazaryň islegini kanagatlandyrýan bahalaryň elýeterlilik derejesini saklamakdyr. “Heat Cold” kärhanasynyň marketing bölümi möwsümleýin arzanladyşlary we aksiýalary yzygiderli geçirip durýar, bu ýagdaý dünýä brend harytlaryny amatly bahalardan satyn almaklyga şert döredýär. Şeýlelik bilen, “Heat Cold” kärhanasyny saýlamak bilen, siz öýleriňizde amatly bahadan ýokary derejedäki hyzmata we ideal rahatlyga eýe bolýarsyňyz.

5. Hyzmatlaryň gysga wagtda bitirilmegi

Sargytlary kabul etmek we işleriň ýerine ýetirilişi tertipnama we ýerine ýetiriliş möhletine berk esaslanyp sazlaşykly we tiz alnyp barylýar.

“Salkyn otag” hususy kärhanasy Türkmenistanyň bazarlaryna “Gree”, “Elektrolux”, “Carrier”, “Zanussi”, “Ballu” ýaly meşhur brendleriň otag sowadyjylaryny satuwa çykarýar. Şu salgy arkaly, siz kondisionerleriň görnüşleri we häsiýetleri, şeýle-de olaryň bahalary bilen tanyşyp bilersiňiz. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar