Elýeter bahadan we amatly görnüşde gül ýüpek matalary nädip satyn almaly?

0
6622

Her bir türkmen zenanyň gözelligine gözellik goşýan zatlaryň biri geýýän lybasy bolup durýar. Görnüşiniň känligi, göze ýakymlylygy, owadan reňkleri bilen tapawutlanýan matalaryň iň naýbaşysy gülýüpek köýneklik matalarydyr.

Gülýüpek matalaryna islegiň ýokary bolmagynyň sebäbi bu matalaryň owadan, ýumşak we rahat bolmagydyr. Hytaý, Türkiýe ýaly döwletleriň  öňdebaryjy tehnologiýalary tarapyndan öndürilýän gülýüpek matalaryna dünýäde şol sanda ýurdumyzda hem isleg ýokarydyr.

Ýurdumyzda  gülýüpek matalarynyň bölekleýin we lomaý satuwy bilen tanalýan “Nurýüpek” markaly matalaryna bolan isleg barha artýar.

Ýakynda, “Nurýüpek” dükany müşderilere elýeterli we hyzmatyň hilini gowulandyrmak maksady bilen “Nurýüpek” atly ýörite mobil enjamlar üçin programma üpjünçiligini işe goýberdi. Bu barada ozal web saýtymyzda hem habar beripdik. Programmanyň işe goýberilmegi, zenanlarymyz üçin islendik wagtda oturan ýerinden öz isleglerine görä köýneklik matalary alyp bilmekligine mümkinçilik döredi. Ykjam enjamlar üçin niýetlenen bu programmada “Nurýüpek” dükanynyň ähli önümleri ýörite suratlar bilen bezelen. Programma arkaly önümler barada aýratyn maglumatlary alyp bolýar.

Gysga wagtyň içinde ykjam enjamlar üçin niýetlenen bu programmanyň örän kän adam tarapyndan ýüklenilip alynmagy bolsa, matalara bolan islegiň has ýokarydygyny görkezýär.

Mundan başga-da “Nurýüpek” markasynyň mata dükanlary we tikinçilik merkezleri önümleriň hilini ýokarlandyrmak we müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen birnäçe işeri alyp barýarlar.

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň birnäçe ýerlerinde “Nurýüpek” matalarynyň dükanlary bar. Şeýle-de Mary we Lebap welaýatlarynda bu dükanyň şahamçalary müşderilere hyzmat edýär.

“Nurýüpek” matalar dükany geljekde öz şahamçalaryny ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem açmagy meýilleşdirýär.

Bu ýerdäki dükanlarda düz bambuk, gülli, özünden gülli, reňksiz we reňkli gülli  bambuk we başga-da birnäçe görnüşli matalary almak mümkinçiligi bar.

Mundan başga-da sargyda garaşmak üçin müşderilere ýörite otag niýetlenen.

Onlaýn usulda sargyt edilen önümler üçin bolsa, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna eltip bermek hyzmaty bar.

“Nurýüpek” markaly matalaryň ähli görnüşlerini şu salgydan görüp bilersiňiz. Şeýle-de bu bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa onda info@turkmenportal.сom elektron poçtamyza ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar