Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Nur Ýüpek" dükanynyň ykjam programmasynyň mümkinçilikleri

0
47950

Biz zenanlaryň esasy aladasy - elmydama owadan we göze ýakymly görünmek üçin özümize laýyk köýneklik matalary tapmakdyr!

Naýbaşy we ýokary hilli matalary çalt saýlamak, amatly bahadan satyn almak we sargydy öýüňize mugt eltip bermek indi has-da aňsatlaşdy. 

Ýurdumyzyň çäginde gülýüpek bambuk matalaryň lomaý we bölek satuwynda ýaýrawy has giňeýän "Nurýüpek" dükany öz müşderileriniň aladasyny edip, olara köýneklik matalary öýlerinde oturan ýerinde günüň islendik wagtynda öz isleglerine görä saýlamakda  ýeňillik döretmek maksady bilen “Nurýüpek” atly  ýörite ykjam programma üpjünçiligini işe goýberdi.

Programmany ýükläp almak üçin  mobil enjamyňyzda Google play-de “Nurýüpek” diýen söz bilen gözleg etmeli, gurnamak düwmesine basanyňyzdan soňra programma ulanyşa taýýar bolar.

Mobil goşundy ilki açylanda onyň interfeýsinde bildirişler bilen birlikde, “Baş sahypa”, “Derejeler”, “Saýlanan”, “Sebet” we “Ýene” ýaly bölümleri görmek bolýar.

Baş sahypa barada aýdamyzda onda bu ýerde ýörite taýýarlanan bildirişler ýerleşdiriler. Bu bilidirişleriň maksady, “Nurýüpek” dükany öz müşderilerine harytlary barada maglumaty ýeňil ýetirmek  bolup durýar. 

"Täze gelenler" harytlar bölüminde programma goşulan täze harytlary görüp bilersiňiz. 

“Biz hödürleýäris” bilidişde bolsa, dükan tarapyndan saýlanan harytlar düzülendir. 

Indiki  menýusy bolsa matalar saýlananda ýeňillik döretmek üçin ýörite bölümlere bölünýär. 

Matalary görüp otyrkaňyz halaýan matalarňyzy aýratyn “Saýlanan” bölüme ýygnap bolar. 

"Sebet" menýusynda sebete goşan harytlaryňzy görüp bilersiňiz.

"Sebetde" harydyň ady, onyň bahasy we sany barada doly maglumatlar berilýär. Sebetdäki harytlary satyn almak üçin Tabşyryk taýýarlamak düwmesine basmaly.

Size tabşyryk taýýarlamak menýusynda siz diňe maglumatlaryňyzy doldurmaly we “Taýýarlamak” dümesine basmaly.

Basanyňyzda soňra siziň sargytlaryňyz dükana habar hökmünde barar we siz bilen ýörite operator habarlaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar