Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenýän “Cash back” hyzmaty

0
24202

Nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek we müşderilere täze sanly hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Altyn asyr” bank kartlaryna 1,5 göterimli “Cash back” hyzmaty girizildi.

Bank öz müşderileri üçin “Cash back” hyzmatyny has kämilleşdirýär. Bu kämilleşdirme bankyň müşderilerini hyzmatdan has köpçülikleýin peýdalanmaga höweslendirýär. Şol höweslendirmeleriň biri hökmünde ýakynda bankyň «Cash back» sowgat hyzmatyny hödürländigini dykgatyňyza ýetirýäris. Müşderiler tarapyndan uly isleg bildirilýänligi sebäpli, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 30-njy sentýabryna çenli “Halkbankyň” müşderileri üçin 2 göterimli  “Cash back” sowgat hyzmaty hödürlenýär. Hyzmatdan peýdalanmak üçin harytlar we hyzmatlar üçin Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň aýlyk bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylmaly.

“Cash back” sözi iňlis dilinden terjime edilende, “cash” – nagt pul, “back” – yzyna gaýtarmak diýmegi aňladýar. Sözüň doly manysynda, bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşde tölegler edilende bank tarapyndan yzyna, ýagny bank kartyna gaýtarylýan pul sylagy bolup durýar.

 “Cash back” hyzmaty Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň “Altyn asyr” aýlyk bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklar geçirilende kart saklaýjylaryna girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Harytlary we hyzmatlary bank kartlary arkaly satyn alan müşderilere geçirilen amallaryň umumy bahasynyň 2% göterimi kartyna gaýdyp berilýär. Bir aýyň dowamyndaky aýlyk kartyna gaýdyp gelen pul serişdeleri baradaky maglumat her aýyň 25-ine SMS arkaly müşderileriň ykjam telefonyna habar berilýär. Mysal üçin, aýlyk bank karty arkaly bir aýyň dowamynda 1000 manat nagt däl hasaplaşyk geçirilende 20 manat müşderiniň kart hasabyna yzyna gaýtarylýar.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň hödürleýän “Cash back”, “Internet-banking”, “Mobil-banking”, “Talyp tölegi”, “Owerdraft”, “Goýum bank karty”, “Maşgala karty” we beýleki hyzmatlary barada www.halkbank.gov.tm resmi web-saýtyndan giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.

Ähli soraglaryňyz boýunça biziň info@turkmenportal.com elektron salgymyza ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar