Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halkbank» «Altyn asyr» kartlarynda «Cash back» hyzmatyny ýola goýdy

14:5113.01.2020
0
15090

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky öz resmi saýtynda şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan «Cash back» hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Hyzmat bank tarapyndan berilýän «Altyn asyr» kartlaryna birikdirilendir.

Maglumatda aýdylyşy ýaly, bankyň müşderileri töleg kartlarynyň üsti bilen amala aşyran nagt däl hasaplaşygy üçin tölän serişdesiniň 1,5 göterimini yzyna gaýdyp alarlar. «Cash back» hyzmaty boýunça bir aýyň dowamynda edilen nagt däl tölegleriň 1,5 göterimi her aýyň 25-i güni müşderiniň «Altyn asyr» kartyna geçýär. Bu barada müşderä SMS habarnamasy bilen habar berilýär.

Ýüze çykan sowallar üçin telefon belgileri: +99312444837, +99312227323

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň