Soňky habarlar

Arhiw

Ýörite lybas geýmek üçin bäş sebäp

2
44463

Kärhanalarda, esasan hem, önümçilik ýerlerinde ýörite lybaslary geýmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Hatda kärhanalaryň ýolbaşçylary iş gözükdirmeleriniň arasynda işgärleri lybaslary aýratyn talap edýärler. Eýsem, ýörite iş lybaslary näme üçin gerek? Ine, olary geýmek üçin bäş sebäp.

1.  Ýörite lybaslar we önümçilikdäki howpsuzlyk

Önümçilik, oba hojalygy ýaly toplumlarda we ylmy jemgyýetçilikde işçi güýjüniň ähmiýeti aýratyn uludyr. Olar bu pudaklardaky işleriň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Ýörite lybaslar işgärleri önümçilikdäki we daşky gurşawdaky ýaramaz täsirlerden goraýar. Onsoň hem iş lybaslary diňe bir howpsuzlygy däl, eýsem, ýerine ýetirilen işiň hilini hem üpjün edýär; bu islendik kärhananyň iş tertibindäki esasy aýratynlykdyr. Çünki islendik kärhananyň üstünlikleri onda döredilýän saglyk we howpsuzlyk şertlerine bagly. Hut, şonuň üçin hem jogapkär hünärmen önümçiligi bökdençsiz guramak üçin ähli talaplaryň berjaý edilmegi barada hemişe alada edýär.

 

2.  Ýokary hil ― önümiň özeni

Ýörite lybas ― adaty bir geýim däl. Ol bildirilýän talaplara laýyk gelmeli. Önümçilikdäki agyr şertlere hem çydamaly. Munuň üçin ilkinji şert çig malyň ýokary hilli bolmagydyr. Önümiň ulanyş möhleti, çalt zaýalanmazlygy hem çig malyň hiline bagly. Ýörite iş lybaslary tikilende bolsa iň ýokary hilli matalar ulanylýar. Diýmek, ol beýleki lybaslara garanyňda, işdäki şertlere we ýagdaýlara has köp döz gelip biler.

 

3.  Kuwwatly gorag ukyby 

Ýörite lybaslar işgärleri senagat şikeslerinden goraýar, şeýle hem sanitariýa we arassaçylyk goragyny üpjün edýär. Bu lybaslar ýokary temperatura, sowuklyga we çyglylyga garşy durup bilýär. Amatly we ygtybarly iş lybaslary dürli ýerine ýetirişde, şol sanda wagt talap edýän hereketlerde möhüm orny eýeleýär. Çydamlylygy  bilen adamy hünäri bilen baglanyşykly howplardan goraýar. Mundan başga-da, iş lybaslary howa şertlerinden we betbagtçylyklardan goraýar. Şonuň üçin olary saýlamaga çynlakaý çemeleşmeli.

 

4.  Nyşan ― esasy zat

Ýokary hilli iş lybaslary diňe bir amatly däl, ýatda galyjy hem bolmaly. Şol bir görnüşde taýýarlanan nyşan sarp edijä kompaniýany bäsdeşlerden tapawutlandyrmaga kömek eder. Şonuň üçin käbir kärhanalaryň ýolbaşçylary guramanyň nyşanyny eşiklere goýmagy makul bilýärler, bu bolsa ony tanadýar.
Hut, şonuň üçin iş lybaslarynyň guramanyň hyzmatlary üçin goşmaça mahabat bolup hyzmat etjekdigini bellemek gerek.

Eger kärhana üçin iş lybaslary tikilmeli bolsa, haýsy aýratynlyklara üns bermeli?

  • howa geçirijiligi;
  • ýeňil agram;
  • çydamlylyk; 
  • çalt hapalanmazlygy; 
  • göze gelüwli dizaýny; 
  • goşmaça mümkinçilikleri.

 

5. Hiliň esasy taraplary

Üstünligiň nämedigini, oňa nädip ýetmelidigini we lybasyň öz eýesine haýsy artykmaçlyklary berýändigini bilmek bilen, ýolbaşçylar iri kärhanalar üçin aýratyn lybaslary lomaý satuw görnüşinde hödürläp biljek taraplary gözlemekde erkindirler. Düzgün bolşy ýaly, ol önümçilik meselesine jogapkärçilikli çemeleşjek, ähli talaplary göz öňünde tutýan, dürli nusgalary hödürleýän we görnüşi dogry saýlamaga kömek edýän ygtybarly öndüriji bolmaly.

Häzirki wagtda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy maksat edinýän kompaniýalar ýokary hilli çig maldan peýdalanýarlar, hünär enjamlaryny ulanýarlar we islendik pudagyň işgäri üçin uzak wagtlap hyzmat etjek owadan, amatly we elýeterli önümleri hödürleýärler.

Tikinçilik pudagynyň türkmen bazaryndaky şeýle kompaniýalaryň biri 2013-nji ýylda esaslandyrylan «Geran» hususy kärhanasydyr. Kompaniýa ýörite, şeýle hem gelin-gyzlar we çagalar üçin lybaslary tikmekde ýöriteleşdirilendir. Kompaniýanyň önümleri ýörite dükanlar ulgamynda satylýar. Onda sargyt ediji kärhanalaryň nyşanlaryny hem buýrup bolýar.

«Geran» hususy kärhanasy lukmançylyk, gurluşyk ýaly pudaklar üçin iş lybaslaryny, şeýle hem gündelik we agşamlyk eşiklerini hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri her lybasyň gurluşy we stili bilen bagly çuňňur oýlanýarlar. Çünki önüm diňe bir göze gelüwli bolman, eýsem, amatly hem bolmaly.

«Geran» hususy kärhanasynyň işinde döwrebaplyk esasy ýörelgedir. Dizaýnerler topar adatdan daşary çözgütleri we dizaýn usullaryny ulanýar, tebigy matalardan taýýarlanan milli eşikleri şu günüň nazaryýeti bilen hödürleýär. Her bir müşderiniň islegi çuňňur öwrenilip, olaryň öz dünýäsine laýyk lybas saýlamagyna ýardam berilýär.

Häzirki zaman geýim bazary dürli-dürli. Şol sebäpli «Geranyň» hünärmenleri müşderiler üçin amatly artykmaçlyklary we rahatlygy üpjün etmek üçin moda tendensiýalaryna laýyk gelýän täze görnüşleri gözleýärler.

«Geran» hususy kärhanasy häzirki wagtda köp sanly kärhanalar, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýanyň häzirki wagtda Aşgabatda 7 dükany bar, bu bolsa şäheriň islendik ýerinde diýen ýaly lybas saýlamak mümkinçiligini döredýär. Ýakyn geljekde Lebap we Balkan welaýatlarynda hem dükanlaryň zynjyryny açmak meýilleşdirilýär.

Goşmaça maglumatlary +99365987575, +99363518899 belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Anna888 ( 25.01.2021 )

Неплохая статья. Еще бы рассказали про 5 причин заказывать оценку профессиональных рисков. На моем предприятии помню такое заказывали здесь https://tehexpert.su/services/otsenka-professionalnykh-riskov/

329
Meňzeş makalalar