Soňky habarlar

Arhiw

HJ “Hakyda” - ygtybarlylyk we ynamdarlyk görkezijisi

0
115912

 Hojalyk jemgyýeti “Hakyda” – bu ynamly inžener, maglumat tehnologiýa, gurluşyk ulgamynda, hem-de satyn alma, awtoulag we transport hyzmatlarynda ynamly hyzmatdaşdyr. Bu kärhana 2015-nji ýylda düýbi tutulmagy bilen, her ýyl täze hyzmatlary öz içine almak bilen, täze ugurlarda uýgunlaşýar.

  Bu kärhana Türkmenistanyň bazarynda taslamalary durmuşa geçirmeklik bilen meşgul bolmak bilen, şeýle işleri öz içine alýar: satyn alyş ulgamynyň bütin toplumy, hyzmatlary, ýük daşamaklyk we gurluşyk tehnikanyň arendasy. Obýektlerde maglumat tehnologiýalaryň proýektirlemesini hem-de olaryň işe girizilmegini üpjün edýär, hem-de bu kärhana telekeçilik iş prosessiniň autsorsingy, zähmetiň autstaffingy we goragy ýaly hyzmatlary hem hödürleýär. HJ “Hakyda” hödürleýän hyzmatlar toplumynyň arasynda telekeçiligiň dürli pudaklaryndaky kärhanalara niýetlenen üýtgeşik we netijeli çözgütleri bar.

 Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda “Meniň esasy aladam- halkymdyr” diyenlerinden ugur alyp, HJ” Hakyda” öz gezeginde hem, öz işgärlerine önümli işlemekleri üçin ähli şertleri döredip berýärler.

  Bu kompaniýada 100 golaý hünärmenleriň işlemegi bilen, olaryň arasynda BAE, Singapurda, Malaýziýada ýokary hünär bilimini alan, proýektleri bellenen möhletde durmuşa geçirmekde baý tejribeleri bolan ýokary derejeli menejerler, maşyngurluşyk we elektrotehnika hünäri boýunça inženerler, maglumat howpsuzlygy boýunça ekspertler we programmistler bar. “Hakyda”  HJ-niň işgärleri türkmen, hytaý, rus, iňlis, türk dillerini bilýärler. Tejribede, bu kärhana öz işgärlerine uly goşant edýär, ýagny olary hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlara we treninglere daşary döwletlere ugradýar. Işgärleriň dowamlaýyn hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman işgärleri işe almak syýasatyny ýöretmek “Hakyda” HJ-niň ilkinji ähmiýetleriniň biri bolup durýar. Öz hünärmenlerini okatmak bilen, bu kärhana öz bilimini täze derejä çykarýar.

  HJ “Hakyda” – bu kompaniýanyň işlän döwründe gazanylan dürli ygtyýarnamalaryň eýesi bolan tejribeli we ýokary hünär derejeli işgärler bar. Bu ygtyýarnamalaryň arasynda BOSIET (Basics Offshore Safety Induction Emergency Training), CISSP (Certified Information System Security Professional), HCSA – (Hikvision Certified Security Associate). “Hakyda” howpsuzlyk boýunça Hikvision-yň sertifisirlenen hyzmatdaşy, hem-de “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet Gullugy tarapyndan berilen ygtyýarnamanyň eýesidir. Bu ygytyýarnamanyň ady “Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmet goramagynyň umumy dolandyryş ulgamy”.

 Standart ygtyýarnama TDS 1.2.09-2016 wideo gözegçilik ulgamynyň howpsuz gurnamak hakyndaky ygtyýarnama Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň “Türkmenstandartlary” Döwlet gullugy tarapyndan berildi.  

 2019-njy ýylyň iýun aýynda Atlas Copco we HJ “Hakyda” kompaniýasynyň arasynda diler şertnamasy baglanşyldy. Bu şertnama laýyklykda, HJ “Hakyda” Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň nebit we gaz senagatyna gerek bolan senagat enjamlary we gurallary bilen üpjün etmekde resmi diler hukuk ýagdaýyny gazandy.

 

 Häzirki zaman maglumat tehnologiýalar ulgamynda bolsa, bu kompaniýa dünýäde wideo gözegçilik önümleri, girme (dostup) howpsuzlygy we dolandyrmak ulgamynda degişli önümleriň iri üpjün edijisi – Hikvision Digital Technology Ltd. Hytaý kompaniýasynyň resmi dileri bolup durýar. (BAE demirgazyk sebitlerinde)

 Şeýle-hem HJ “Hakyda” – bu ZKTeco kompaniýasynyň gyzyklanmalaryna wekillik edýän ynamly hyzmatdaşdyr. Ol kompaniýa öz gezeginde senagat howpsuzlyk ulgamynyň we girme ulgamynyň biometriki dolandyryşyň döredijisi bolup durýar; bu hem HJ “Hakyda”- nyň maglumat howpsuzlyk ulgamynda ekspertlik statusyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.  

 HJ “Hakyda”-nyň ýolbaşçylarynda müşderilere ýetirilýän hyzmatlaryň göwrümini giňeltmekde we olary ösdürmekde gelejege bolan meýilleri örän kän. Kompaniýanyň esasy maksatlarynyň biri – täze ýokary derejä çykmaklyk, bu bolsa öz gezeginde Merkezi Aziýada öňdebaryjy kompaniýa maglumat tehnologiýalar ulgamynda we ýetirilýän inžener we tehniki hyzmatlarynda öňdebaryjy kompaniýa bolmaklyk bilen şertlendirilendir.

 HJ “Hakyda” öz strategiki maksady hökmünde korporatiw usulyny öňe sürmeklikde, kärhananyň şahsyýetliligini saklamaklyga çalyşmakda görýär. Öňde baryjy nebit we gaz, inženerçilik we gurluşyk kompaniýalaryň arasynda lider bolmaklyk, hem-de hyzmat ulgamyndaky işini has hem giňeltmeklik göz öňüne tutýar. Soňky agzylanany, kompaniýa dünýäniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen gazanmaklygy meýilleşdirýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda dünýäniň dürli kompaniýalary: Coca-Cola, Schlumberger, Sakson Drilling, CNPC BGP, Çalik Enerji, RÖNESANS HOLDING ýaly kompaniýalar HJ “Hakyda” kompniýanyň hyzmatlary bilen peýdalanýarlar.

 Köpugurly HJ “Hakyda” kompaniýasy ýokary standartlara ýetýär, bu kompaniýanyň hasabynda dürli önümçilik meýdanlarynda we obýektlerde 1200000 betbagtçylyk hadysasyz hem-de ölüm ýitgisiz  iş sagady bar. Bu bolsa kompaniýanyň öz müşderileriniň arasynda ynam we sylag gazanýanlygyny yene bir gezek subut edýär. Şunluk bilen, HJ “Hakyda” Türkmenistanda we Merkezi Aziýada hereket edýän halkara gurluşyk, nebit we gaz , hem-de energetiki kompaniýalara öz hyzmatlaryny ýetirýän öňdebaryjy kompaniýadyr.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar