Soňky habarlar

Arhiw

Hüwdi näme?

0
50211

Hüwdi - halk döredijiligiň görnüşi bolup, esasan hem enelerimiz tarapyndan çagalara aýdylýan aýdym äheňli goşgylar. Hüwdüler - medeni mirasymyz, özünde pendi-nesihatlary jemleýän setirler, aňyrsynda çuňňur many ýatan türkmen enäniň çagasyna aýdýan söýgüden doly sözleri.

Geçmişimizden göz alyp gaýdýan hüwdi esasan hem çaga sallançakda we enäniň gujagynda ýatanda aýdylýar. Hüwdüniň jadyly owazy çagany tiz we rahat ýatyrýar. Hemmämiz hüwdüler bilen ulaldyk diýsek ýalňyşmarys. Her bir türkmen maşgalasynda, çagaly öýlerde hüwdüniň sesi belentden ýaňlanýar. Hüwdi türkmen dessanlarynda, hekaýalardyr-rowaýatlarda hem ýer alýar.

Hüwdüler köplenç dört setirden ybarat bolýar, şol setirleriň daşyndan, ýagny soňunda “hüwwa-hüw, heýýa-heý” diýlip hiňlenilýär, şu hiňlenmelerden hem “hüwdi” sözi gelip çykýar diýip dürli çeşmelerde aýdylýar.

Birnäçe hüwdülere mysal:

             * * *

Aýlanar-a, aýlanar,

Ökdelikde saýlanar,

Meniň balam ulalyp,

Söýenine öýlener.

 

Aýlanar-a, aýlanar,

Toýluk unuň elener,

Meniň gara göz balam

Gowulykda bellener.

 

Aýlanar-a, aýlanar,

Ak öýleri saýlanar,

Meň jigimiň toýunda,

Bedew atlar şaýlanar.

 

             * * *

Meniň balam ýatypdyr,

Gyzyl güle batypdyr,

Oýatmaň siz balamy,

Ýaňja uka gidipdir.

 

Meniň balam ýaşynda,

Ýaşyl, gyzyl başynda,

Agalary öý tutsa,

Oýnar läläm daşynda.

 

             * * *

Aýlan, aýlan, aýlançak,

Akar suwlar bulançak,

Altmyş başly ak öýüň

Ýaraşygy sallançak

 

             * * *

Alla-alla alaýyn,

Ejeňi suwa ýollaýyn,

Ejeň suwdan gelýänçä,

Kişmiş berip aldaýyn.

 

Allan-allan alaýyn,

Sallançaga salaýyn,

Saňa gelen belany

Daga, daşa ýollaýyn.

 

Görnüşi ýaly, hüwdülerde her bir setir çuňňur manydan doly, olarda enäniň çagasyna bolan söýgüsi, arzuwy, nesihaty beýan edilen.

Hüwdüler barada bilýän goşmaça gyzykly maglumatlaryňyz bar bolsa biz bilen paýlaşyň, biz hem öz gezegimizde okyjylarymyzyň dykgatyna ýetireliň.

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar