Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi: 2018-nji ýylda gazanylan ösüşleriň jemi

0
3179

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Şu ýyl halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.
Mejlisde berlen hasabatlara görä, 2018-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan ösüşler we ýetilen sepgitler:
Ykdysadyýet we bank ulgamy boýunça:

  ― geçen ýylyň jemleri boýunça 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5 göterim artdy;
― hasabat döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy; 
― maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40,3 milliard manada deň boldy. Şolaryň 63,7 göterimi önümçilik hem-de 36,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi;
― 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl eksporta niýetlenen we importuň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri ösdürmek üçin ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň mukdary 10,2 göterim ýokarlandy. Döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň mukdary 20,4 göterim artdy.
Ýangyç-energetika toplumy boýunça:
― geçen ýylda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim berjaý edildi.
― 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 100,5 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 102,1 göterime deň boldy.
Senagat we kommunikasiýa ulgamy boýunça:
― pudagyň dolandyryş edaralary hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de önümleri öndürmek boýunça meýilnamany 108,7 göterim berjaý etdiler, şunda ösüş depgini 117,7 göterime deň boldy.
― Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügi öndürmegiň ösüşi 115,9 göterime, nah matalaryň öndürilişi 118,8 göterime, çig ýüpek öndürmekde ösüş 123,1 göterime, tikin we örme önümçiliginde ösüş 138,9 göterime deň boldy. Haly we haly önümçiligi boýunça geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda tabşyryk 134,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 119,3 göterime deň boldy.
― Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda dokma toplumlarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär.
 ― «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 108,5 göterim derejede üpjün edildi, ýoduň we tehniki uglerodyň önümçilik meýilnamasy degişlilikde 112,1 göterim hem-de 101,3 göterim ýerine ýetirildi.
― senagat ulgamynda gurnama demir-beton önümçiliginde ösüş depgini 101,8 göterim, keramzit önümçiliginde 100,1 göterim üpjün edildi, aýnalaryň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 122,5 göterim berjaý edildi.
― awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary arkaly ýük-ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini degişlilikde 103,5 göterime we 101,7 göterime barabar boldy.
― geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 199 müň telefon nokady gurnaldy.
Gurluşyk, energetika toplumlary we jemagat hojalygy pudagynda:
― Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, 107,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.
― Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň önümçilik meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 108,9 göterime deň boldy.
― Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 121,9 göterime deň boldy.
Söwda we hususyýetçilik boýunça:
― Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi 10,1 göterim artdy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 249 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 374 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 23,4 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 48,7 göterim ýokarlandy, girdejiler 54,2 göterim, jemi peýda 107,3 göterim artdy. 2018-nji ýylyň dowamynda sergileriň 24-si we maslahatlaryň 26-sy geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi.
Telekeçiligi ösdürmekde berilýän goldawyň netijesinde, hususy taraplaryň daşary ýurtlara eksport edýän azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyňda, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.
Saglyk, sport we bilim ulgamlary boýunça:
― 2018-nji ýylda 200 görnüşli okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edildi. Hasabat döwründe mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 99 medala, şol sanda 25 altyn, 16 kümüş we 58 bürünç medala mynasyp boldular.
― ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders bäsleşiklerinde 49 medala, şol sanda 9 altyn, 18 kümüş, 22 bürünç medala we dürli derejeli diplomlaryň 17-sine mynasyp boldular.
― ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ony önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlarda iş we okuw sapaklarynda boldular.
― 2018-nji ýylda aspirantura we doktorantura 41 adam kabul edildi. Ylymlaryň kandidatlary we ylymlaryň doktorlary alymlyk derejelerine dalaşgärlige 24 adam hasaba alyndy.
― Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy.
― Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň mukdarynyň ösüş depgini 140 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we alnan girdejiniň möçberi 119 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 122 göterime deň boldy.
― Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli we Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.
― türkmen türgenleri 2018-nji ýylda halkara ýaryşlarynyň 111-sine, dünýä çempionatlarynyň 22-sine gatnaşyp, 44 medal, Aziýa çempionatlarynyň hem-de paralimpiýa Aziýa oýunlarynyň 31-sine gatnaşyp, 74 medal, dürli halkara ýaryşlarynyň 58-sine gatnaşyp, 142 medal gazandylar. Şunlukda, jemi 260 medala, şol sanda 85 altyn, 69 kümüş we 106 bürünç medallara mynasyp boldular.
Medeniýet ulgamy we syýahatçylyk boýunça:
― ýurdumyzyň alymlary we hünärmenleri ähli welaýatlardaky taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işlerini geçirdiler.
― teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geçen ýylda alyp baran işleri, olaryň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada-da habar berildi.
― Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2018-nji ýylyň meýilnamasy 132,1 göterim ýerine ýetirildi.
― Aşgabatda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi, onuň çäklerinde birnäçe beýleki çäreler geçirildi.
Halkara gatnaşyklary boýunça:
― ýurdumyza Daşary işler ministrligi arkaly dürli derejedäki wekiliýetleriň 769-sy geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 608-si ugradyldy. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň ençemesi guraldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.
Häzirki güne çenli ýurdumyz dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Hasabat döwründe Türkmenistan halkara konwensiýalaryň 5-sine goşuldy, şunlukda, şeýle köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşyjy boldy. 
Türkmenistanyň Mejlisi boýunça:
― geçen ýyl milli parlamentiň maslahatlarynyň bäşisi geçirildi, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 61-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 66-sy kabul edildi.
― Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, türkmen parlamentarileri halkara çärelere hem-de maslahatlara gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin deputatlar daşary ýurt saparlaryna ugradyldy. 
― Ýylyň dowamynda daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 58-si, parlamentara duşuşyklaryň 33-si hem-de okuw maslahatlarynyň 83-si geçirildi.
― Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleýin edaralary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.
― Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.
― Deputatlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanyp, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, parlamentiň kabul edýän täze kanunçylyk namalarynyň hem-de durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Oba we suw hojalyk toplumy boýunça: 
― Tutuş obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 108,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 109,5 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar