Soňky habarlar

Arhiw

“Wi-Fi” haýal işlese näme etmeli?

0
42684

Häzirki wagtda “Wi-Fi” arkaly internetden peýdalanýanlaryň sany günsaýyn artýar we käte olarda “ ‘Wi-Fi’ internet haýal işlände näme etmeli?” diýen sorag döreýär.

“Türkmenportal” bu sorag boýunça birnäçe maslahatlary taýýarlady.

Eger “Wi-Fi” internet haýal işlese:

1. Ilkinji bilen, hemmä mälim bolan usul, “Wi-Fi” routeriňizi öçürip, täzeden ýakyp görüň (перезагрузка).

2. Siziň “Wi-Fi” internetiňizi sizden başga kim ulanýandygyny anyklaň. Belki, köp adam ulanýan bolmagy ahmal we netijede internet haýal işläp biler. Ulanyjylaryň sanyny “Wi-Fi” routeriň sazlamalar sahypasynda görmek bolar.

3. “Wi-Fi” internetiňiziň tizligini barlap görüň. Tizlik hakykatdan hem pesmi ýa-da dälmi anyklamagyňyz maksada laýyk bolar. Internetiň tizligini nädip barlap bolýandygyny geçen makalalarymyzyň birinde gürrüň beripdik.

4. “Wi-Fi” routeriňiziň sazlamalaryny gözden geçirip görüň. Esasan hem tizlik we tor bilen bagly sazlamalaryna göz aýlaň. “Wi-Fi” routeriň goragyny nädip üpjün etmeli we sazlamalar sahypasyna nädip girip bolýandygyny geçen makalalarymyzyň birinde belläp geçipdik.

5. Internete girýän enjamyňyzdaky (kompýuter, telefon, planşet we ş.m.) artykmaç programmalary wagtlaýyn öçürip görüň. Meselem: açyk duran awtomatiki usulda täzelenýän programmalar (автообновления).

6. Kompýuter ýa-da telefonyňyzyň wagtlaýyn ýadyny (RAM) arassalap görüň. Käte wagtlaýyn ýat dolan ýagdaýynda ähli programmalar haýal işläp başlaýar.

7. Internete girýän web brauzeriňizdäki “cookie”-leri, ýagny web brauzeriň wagtlaýyn ýadynda galýan öňki giren ýerleriňiz, alan faýllaryňyz barada ýaly maglumatlary arassalap (pozup) görüň.

8. Internete girýän web brauzerleriňizi üýtgedip görüň. Käbir web brauzerler örän haýal işleýär, käbirleri bolsa internetiň tizligine görä optimizirlenen görnüşde işleýär.

9.  “Wi-Fi” routeriňize ISP-den gelýän kabeliň talaba laýyk işjeňligini (“Ethernet”, ADSL kabeller) barlap görüň.

10. Käbir diwarlary galyň jaýlarda, “Wi-Fi” router, signallaryny ähli otaglara ýetirip bilenok. Şunuň ýaly ýagdaýlarda antennasy köpräk bolan has güýçliräk router satyn alynmaklyk maslahat berilýär.

11. “Wi-Fi” routeriňizi ýerde ýa-da bir zadyň arkasynda goýmaň. Ony ýokarrakda goýmaklyk maslahat berilýär.

12. “Wi-Fi” internetiň tizligi barada şol ISP-iň (ISP – “eng. Internet Service Provider”, Internet hyzmatyny beriji edara) müşderisi bolan, ýagny siziň ISP-iňiz bilen bir bolan, şol bir ISP-iň internetini ulanýan dostuňyzdan ýa-da tanşyňyzdan hem sorap görüň. Eger olarda gowy işläp, sizde haýal işleýän bolsa, diýmek bu – siziň içki meseläňiz.

13. Iň soňky usul bolsa, ISP operatoryňyza jaň edip görüň. Operator hem size kömek eder we degişli maslahatlary berer.

Şeýle-de, şu makalalary okamagyňyzy maslahat berýäris:

  1. Internetiň tizligini nädip barlamaly?
  2. Öýlerdäki “Wi-Fi” interneti keseki adamlardan nädip goramaly?
  3. “Wi-Fi” tehnologiýasy

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar