Ýazyjyogly Ahmet Bijanyň “Ajaýybyl-Mahlukat” eserinde haýwanat dünýäsi

0
11368

Ýazyjyogly Ahmet Bijanyň «Ajaýybyl-mahlukat» eseriniň agramly bölegi haýwanlaryň häsiýet aýratynlygyny açyp görkezmek bolup durýar. Ahmet Bijan haýwanlaryň adam häsiýeti bilen sazlaşýan ýa-da adam häsiýetine gapma-garşy gelýän häsiýetlerini-de aýyl-saýyl etmegi esasy wezipeleriniň biri hasap edipdir.

Awtor haýwanlaryň ynsana peýdasyndan söz açmak bilen başlaýar. Soň ol «Haktagala aty adamlaryň münmegi üçin ýaratdy” diýmek bilen atyň waspyna geçýär. Alym: «Dişleri inçeden gür, ýokarky dodagy aşaky dodagyndan uzyn, burny giň, gulagy uzyn, boýny göni, boýnunyň düýbi ýogyn, toýnagy uzyndan gara, döşi, sagrysy giň, öňki aýagy bilen yzky aýagynyň arasy-da giň, guýrugy uzyn, gözi, kirpigi hem uzyn atlar iň gowy atdyr» diýip, ökde seýis hökmünde ata häsiýetnama berýär. Bu sözler Ahmediň atlar bilen içgin tanyşdygyny aňladýar. Sebäbi ata syn etmek bilen ony tanamagyň gaty inçe sungatdygyny ata-babalarymyz aýdypdyrlar. Türkmen halky bedew idetmek, ony seýislemek, şeýle hem aty tanamak işinde asyrlarboýy toplanan tejribä daýanypdyrlar. Ahmet Bijanyň atlar hakdaky sözleri halkymyzyň tohum atlary ösdürip ýetişdirmek sungatynyň inçe syrlayna aralaşmakda ýakyn gollanma bolup biler.

Ahmet Bijanyň ýokarky ata berýän häsiýetnamasy bizi «Görogly» şadessanynda Jygaly begiň Huňkaryň buýrugy boýunça suw atyndan bolan taýy ýetişdirmekdäki seýisçilik tejribesine aralaşdyrýar. Ol baýtala Reýhan Arabyň atyny höwre çekmek bilen bir ajaýyp taý alypdyr. Jygaly begiň Gyraty seýisleýşi we onuň Görogla wepaly at bolup ýetişendiginden halkymyzyň bedew ata goýan sarpasynyň uly bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik alýarys. Galyberse-de, Jygaly begiň batyl halyna Göroglynyň kowgy bolup gelýän atyň reňkiniň üsti bilen atyň häsiýetnamasyny kesgitlemek bilen kowgudan halas boluşy halkymyzyň seýisçilik sungatynyň köp inçe syrlarynyň bilendigini aňladýar.

Ahmet Bijanyň öz eserinde atlara aýratyn üns bermegi ýöne ýerden däldir. Bijanyň ata aýratyn üns merkezini gönükdirmegi bir tarapdan tutuş halkyň ata bolan sarpasy bilen, beýleki tarapdan bolsa, özüniň bedewe bolan sarpasy bilen baglanyşyklydyr.

Magrupy, Seýdi, Mätäji ýaly türkmen nusgawy şahyrlary özleriniň döredijiliginde bedew atyň waspyny beripdirler. Şu günlerde hem ahal-teke atlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalar edilýär. Bu ýerden Ahmet Bijanyň bu eseriniň gymmaty biziň günlerimizde hem peselmeýär-de, eýsem, artýar. Diýmek, bu eser atşynaslyk ylmy üçin, şeýle hen halkymyz üçin diňe bir ruhy melhem bolman, ol durmuşy gollanma bolmak hukugyna hem eýedir.

Türkmen halky:

«At agnan ýerinde toý bolar»,

«Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy»,

 «Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz» diýen ýaly köp sanly nakyllary ýöne ýerden döretmändir. At bedewi ynsana deňän türkmen halkynyň durmuşyna giňden ornaşypdyr. Bu sebäpden atyň waspy nakyllara, yrym-ynançlara hem aralaşypdyr. Halkymyz atyň peýdasy hakda-da köp yrymlary, ynançlary, aýtgylary aýdypdyr.

Käbir mysallara ýüzlenip göreliň:

«Atyň dişini bir çaganyň boýnundan assalar, ol çaga diş kynçylyksyz çykar»,

«Eger bir kişini agyry bassa, atyň dişini onuň ýanynda goýsalar agyry aýrylar»,

«Atyň toýnagyny tütetseň, ol öýde syçan bolmaz».

Ýazyjyogly Ahmet Bijanyň «Ajaýybyl-mahlukat» eserinde at hakda ýörite bölümiň girizilmegi bu eseriň türkmen ruhyna golaýdygyndan habar berýär. Halkymyz bedew ata sarpa we hormat goýup her ýyl aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramyny belleýär.

Tükmen halky at bilen baglanyşykly dürdäne sözleri durmuş tejribesinden geçirip aýdypdyr: 

«At ady bilen, ýigit zory bilen»,

«At aýagy gitgir, ozan dili ötgür»,

«At aýlanyp gazygyny tapar, suw aýlanyp-ýarygyny»,

«At - basyşyndan belli, är – bakyşyndan»,

«At dosty – ata dosty»,

«At güýji arpada»,

«At keselin andyz açar, gyz keselin – gopuz»,

«At münüp ataň öýüne bar, don geýip, dogan öýüne»,

«At rysgaly alnynda»,

«At ýüwürmez, bagt ýüwrer»,

«At ýaryşda, ýigit söweşde» diýen ýaly ençeme nakyllaryň we Görogly beg ýigidiň «Perzent dilemedim, seni diledim» diýen ýaly sözler, gepiň gysgasy «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýen türkmen öz aty, öz bedewi bilen dünýä çykan halk. Ahmet Bijanyň at hakda aýdanlary hem atyň adamzadyň örän gadymy syrdaşy bolandygyny tassyklaýar. Dowamy bar.

TÝA-nyň Milli Golýazmalar institutynyň

“Tekstologiýa” bölüminiň

uly ylmy işgäri  Mira Nuralyýewa

 

 

Ahmet Bijanyň “Ajaýybyl-mahlukat” eseri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda golýazma nusgasy saklanýar. Ol №5252 bukjasynda saklanýar.

Görogly. Magaryf. Aşgabat 1958ý

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar