Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

16:4230.04.2018
0
16163

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.

Şu günler paýtagtymyza dünýäniň köp ýurtlaryndan myhmanlar geldiler, olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar, şeýle hem bu ýerde ýörite sergi-ýarmarka guraldy. Düýn Ahalteke atçylyk toplumynda guralan dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilen Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan sungat eserlerinde behişdi bedewleriň keşbini has oňat beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işgärlerine sylaglar gowşuryldy.

Şu gün ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem daşary ýurt alymlary we atşynaslary, işewürler hem-de žurnalistler Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna ýygnandylar, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.

Toplumyň çäklerini halk amaly-haşam sungatynyň, çeper senetçiligiň, nakgaşlygyň, heýkeltaraşlyk we ýelden ýüwrük bedewlere bagyşlanan hem-de örän baý milli mirasy, onuň dowamatlylygyny we ýurdumyzyň durmuşynda tutýan ornuny açyp görkezýän beýleki eserleriň sergisi bezedi.

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň baştutanlary, ýaşulular we ýaşlar bar.

Hemmeler Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Milli Liderimiz ýygnananlary şanly baýram bilen gutlap, senetkärleriň we çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly şäherjigine öwrülen toplumyň çägine girýär. Folklor toparlarynyň çykyşlary, halylaryň we ýüpek matalaryň, nepis nagyşly milli lybaslaryň, aýal-gyzlaryň şaý-sepleriniň hem-de at esbaplarynyň, çeper keramikanyň, däp bolan öý hojalyk esbaplarynyň, saz gurallarynyň, sowgatlyk önümleriň we beýlekileriň sergisi gadymy döwürden Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp sanly Gündogar bazaryny ýada salýar.

Daşary ýurt habarçylarynyň arasynda dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew hem bar. Hormatly Prezidentimiz bilen onuň arasynda gürrüňdeşlik boldy.

R.Fransew ýurdumyzdan taýýarlan habarlary, şol sanda Prezident saýlawlary, Aşgabatda geçirilen media-forumlar, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak, bu gaz geçirijiniň ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk we elektrik geçiriji ulgamlaryň düýbüni tutmak we beýleki çäreler baradaky habarlary bilen türkmen teletomaşaçylaryna tanyşdyr. Türkmen Lideri habarçy bilen bular barada pikir alşyp, geçen ýyl Russiýanyň telewideniýesi boýunça görkezilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndan taýýarlanylan ýatda galyjy habarlary belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlik geçirmäge mümkinçilik döredilen habarçy bilen gürrüňdeşlikde häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligine täze keşpde açylýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna degişli dürli meseleler gozgaldy. Ýurdumyz bu gün hyzmatdaşlyk esasynda sebit gatnaşyklaryny gurmakda esasy orny eýeleýär hem-de söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda täze sahypany açýar.

Türkmenistanyň başyny başlan hem-de Merkezi Aziýada ykdysady ösüşiň we syýasy täsiriň täze merkezleriniň döremegi, şeýle hem sebitdäki ýagdaýlaryň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýakyn bolmagyna tarap üýtgemegi üçin binýat döredýän iri halkara taslamalar barada gürrüň edildi.

Elbetde, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyna, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde iki ýurduň gatnaşyklaryna üns berildi. Russiýanyň iri sebitleri bilen gatnaşyklarda hem uly mümkinçilikler bar.

Medeniýet, ylym we ýokary bilim Türkmenistanyň we RF-niň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde esasy orny eýeleýär. Bu emele gelen taryhy ynsanperwer we ruhy gatnaşyklar bilen şertlendirilendir. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda saglygy goraýyş ulgamyny, aýratyn-da, çagalaryň saglygyny goramak ulgamyny görkezdi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, syýahatçylygy ösdürmek, Türkmenbaşy şäherindäki täze deňiz porty barada hem gürrüň edildi. Bu port ähli Hazarýaka döwletler üçin haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmakda täze logistik mümkinçilikleri açýar.

Halk döredijiliginiň köpöwüşginli sergisiniň ugry boýunça ýüzugra geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda köp asyrlyk milli mirasyň aýawly goralýandygy baradaky gürrüň esasy orny eýeledi, şan-şöhratly ahalteke bedewi bu mirasyň gaýtalanmajak ajaýyp gymmatlyklarynyň biridir.

“Biz Sizi doganlyk, güneşli, myhmansöýer Türkmenistanda görmäge hemişe şatdyrys!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gürrüňdeşligini türkmen topragynda täze duşuşyklara çagyryp, tamamlady.

Şol wagtda Halkara atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandy. 
Ýurdumyzyň her bir welaýaty döredijilik mekdepleriniň, çeper elli senetkärleriň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan öz sergisini gurady, senetkärleriň işleýşine gönüden-göni syn edip bolýar. Şeýle hem bu ýerde muzeý gymmatlyklary hem-de häzirki zaman suratkeşleriniň işleri, taryhy ýadygärlikleriň fotosuratlary we maketleri görkezildi. Bularyň hemmesi 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Ahalteke bedewiniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri sergide aýratyn orun eýeleýär. Halylarda özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda we fotosuratlarda ajaýyp bedewler şekillendirilýär, bedewleri baýramçylyga kybap bezemek üçin ajaýyp şaý-sep toplumlary bolsa türkmenleriň ýelden ýüwrük atlara goýýan çäksiz sarpasynyň subutnamalarydyr.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary we tans toparlary dabara gatnaşýanlary aýdyň öwüşginli çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Ýygnananlaryň öňünde dürli halkara sirk sungaty festiwallarynyň baýraklaryna mynasyp bolan meşhur “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar topary gyzykly maksatnama bilen çykyş etdi.

Bu toparyň agzalary akylyňy haýran edýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Olaryň çykyşlarynda esasy zat diňe bir tilsimleriň çylşyrymlylygy we hatda çapyksuwarlaryň batyrgaýlygy däl-de, adamlaryň we bedewleriň doly sazlaşykly jebisligidir. Bularyň ählisi bilelikde manežde bir ajaýyp bitewüligi emele getirýärler. Toparyň ýerine ýetirýän täsin tomaşasy üýtgeşik hem-de töwekgelçilikli maşklardan ybaratdyr, olar tomaşaçylary tolgundyryp, birek-birege doly ynam bilen sözüň doly manysynda birek-biregiň ygtybarly gollaryna daýanmagyň zerurdygyny görkezýärler.

Şunuň ýaly atçylyk-sport oýunlary tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, olaryň kalplarynda bedewlere çäksiz söýgi hem-de çapyksuwarlaryň we zenan çapyksuwarlaryň, aýratyn-da, ýetginjek atlylaryň batyrgaýlygyna haýran galmak duýgularyny döredýär.

Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri dünýä merkezi bolup durýar, häzirki döwürde bolsa biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam edip, iri gözden geçirilişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda we olary gorap saklamak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr. Häzirki wagtda bedew ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň alamaty bolup durýar.

Milli Liderimiz tutuş durky bilen bedewlere bolan halk söýgüsini özünde jemläp, atlaryň ahalteke tohumyny gorap saklamak, köpeltmek hem-de wagyz etmek boýunça işleri döwlet syýasaty derejesine çykardy, bu işleriň atşynaslyk sungatynyň ýörelgeleriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda dowamatlylygy we baýlaşdyrylmagy bu syýasatda aýratyn orun eýeleýär.

Bedew, ilkinji nobatda, tutanýerli zähmetiň nyşanydyr. Öz gözelligi, syraty, ýyndamlygy, nepisligi bilen görenleri haýran galdyrmak derejesine ýetýänçä, bedew köp we tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Türkmen halky netijeli zähmet çekmegi başarýar — atlaryň ahalteke tohumy munuň aýdyň mysalydyr. Halkymyz öz üstünliklerini we gazananlaryny ruhubelentlikde bellemegi hem başarýar.

Umumymilli söýgä eýe bolan bedewiň hormatyna ýurdumyzda ýene-de uly baýram giňden ýaýbaňlanýar, at çapyşyklary bu tomaşanyň aýrylmaz bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özi üçin bellenilen ýere geçýär. 
Alypbaryjy möwsümiň iň abraýly bäsleşikleriniň — baýramçylyk çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Bäsleşiklere badalga berilýär, gamyşgulak, ýyndam bedewler tizliklerini barha artdyryp, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Halk seçgiçileri we seýisleri, ahalteke bedewi ýaly belent sungat eserini döredipdirler, bu atlaryň arassa ganlylygyny saklamak bilen, ýurdumyzyň atşynaslary olaryň gowy taraplaryny ösdürmegi dowam edýärler.

Sport atlaryny taýýarlaýan milli mekdebimiziň esasy tapawudy türkmenleriň atlary eldekileşdirmän, olary hut terbiýeläp ýetişdirýänliginde jemlenýär. Tejribeli seýisleriň aýdyşy ýaly, atyň gyňyr gylygyny, eserdeňligini, ganygyzgynlygyny, baş bermezligini görkezmegi onuň adam bilen gatnaşyklarynda ynamyň ýetmeýänligini aňladýar. Emma taýçanak dogry ösdürilende, ol adamyň hoşniýetli we wepaly dostuna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmäge, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklary ýola goýmaga hem gönükdirýär. Emma esasy zat — bu atçylygyň däpleriniň yzygiderliligini, onuň maňzyny aýawly saklamakdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bu yzygiderlilik asyrlarboýy nesilden-nesle geçirilip gelindi, bu gün sanly tehnologiýalar eýýamynda ýaşlaryň milletiň janly buýsanjyna, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän baýlygyna aýawly garaýşyny ýitirmezligi zerur bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň özi mysal bolup, bedewlere bolan söýgini öz agtyklarynda kemala getirip, olara diňe at münmegi däl-de, eýsem, bedewe ideg etmek, ony ösdürmek endiklerini hem öwredýär.

Türkmenistanda gadymy däpleri bolan at çapyşyklary bolsa häzir hem, ozalkysy ýaly, uly meşhurlykdan peýdalanýar. Münberde oturan janköýerleriň, tele we surat kameralarynyň, şol sanda daşary ýurtly habarçylaryň dykgat bilen syn eden ýaryşlary iki sagatdan hem gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň senasyna öwrüldi.

At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin synag hem bolup durýar. Atly sport adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär.

Şu gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi 7-si bolup, olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

1600 metr aralykda geçirilen birinji at çapyşygynda atlaryň üçüsi pellehanadan ilkinjiler bolup geçdiler, şunda iň gowy wagty — M.Mämmedowyň çapan aty görkezdi. Geňdag diýen dor at bellenilen aralygy 1 minut 47 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji orny A.Agamyradowyň çapan Günbatar atly gara aty we üçünji orny A.Allanazarowyň çapan Garasekil atly gara aty eýeledi. Atlaryň üçüsi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolup, olary Türkmenistanyň halk atşynasy K.Agamyradow hem-de Türkmenistanyň at gazanan atşynaslary M.Agamyradow we R.Agamyradow seýislediler.

1800 metr aralykda geçirilen nobatdaky çapyşykda bellenilen aralygy 1 minut 56,2 sekuntda geçmegi başaran Dordepel atly dor ata taý gelen bedew bolmady. Ol Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna degişli bolup, onuň seýsi D.Taýlyýew, çapyksuwary Ý.Saparow. Bu çapyşykda ikinji orny Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň Döwletli diýen dor aty eýeledi. Onuň seýsi O.Annaorazow, çapyksuwary D.Begmedow. Pellehana üçünji bolup bellenilen aralygy 2 minut 0,9 sekuntda geçmegi başaran Milli howpsuzlyk ministrliginiň Hatarçy atly gara dor aty geldi. Ony ussat seýis P.Öwezow taýýarlady, çapyksuwary bolsa K.Nogaýew.

Üçünji çapyşyk hem 1800 metr aralykda geçirilip, onda H.Babalyýewiň seýislän hem-de üçünji derejeli çapyksuwar B.Berdimuhammedowyň çapan, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli bolan Alguş atly al aty 1 minut 57,8 sekunt wagt bilen pellehanadan birinji bolup geçdi. Onuň yz ýany bilen birnäçe sekunt tapawut bilen Döwlet migrasiýa gullugynyň Aýperi atly al gysragy geldi. Onuň seýsi E.Babalyýew, çapyksuwary I.Babalyýew. Üçünji orny Aşgabat şäher häkimliginiň Gara altyn atly gara gysragy eýeledi. Onuň seýsi B.Huşwagtow, çapyksuwary M.Döwletow.

Dördünji çapyşykda ýene-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli atlaryň arasynda 2200 metr aralykda ýiti bäsleşik boldy. Netijede, bellenilen aralygy 2 minut 31,9 wagt bilen Turan diýen akýal mele at geçip, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Onuň seýsi Ş.Agamyradow, çapyksuwary bolsa B.Babaýew. Ikinji bolup pellehana Perman atly gyr at birnäçe sekunt tapawut bilen geldi, onuň seýsi K.Pirmyradow, çapyksuwary H.Baýsähedow. Üçünji orny Kerwen atly dor at eýeledi. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedow, çapyksuwary bolsa D.Hojamuhammedow.

2200 metr aralykda geçirilen bäşinji ýaryşda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gujurly diýen dor aty birinji bolup gelip, ol bellenilen aralygy 2 minut 23,8 sekuntda geçdi. Onuň seýsi H.Babalyýew, çapyksuwary B.Babalyýew. Onuň yz ýany bilen 6 sekunt tapawut wagt bilen Döwlet gümrük gullugynyň Kararym atly gara aty geldi. Ony ýaryşa K.Berdimämmedow taýýarlady we M.Muhammedow çapdy. Üçünji orny Alguş atly al at eýeledi. Demir ýol ulaglary ministrligine degişli bu bedewi ýaryşa Türkmenistanyň halk atşynasy I.Agamyradow taýýarlady. Çapyksuwary R.Abdyýew.

Soňky iki çapyşyk iň uzak bolan 2400 metr aralykda geçirilip, ol has güýçli atlary kesgitledi. Şunda üç sany öňden gelen atlaryň görkezen wagty şeýle boldy:

Altynjy çapyşykda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligine degişli Baharly diýen gara dor at aralygy 2 minut 39,5 sekunt wagt bilen geçip ýeňiji boldy. Ony toýa M.Şirliýew taýýarlapdyr. Çapyksuwary bolsa Y.Saparow. Ikinji orny Içeri işler ministrliginiň Gadam atly gyr aty eýeledi. Onuň seýsi N.Nunnaýew, çapyksuwary Ö.Ýalkabow. Üçünji orny bolsa Döwlet migrasiýa gullugynyň Dordepel diýen dor aty eýeledi. Ony ýaryşa seýis E.Babalyýew taýýarlady, çapyksuwary B.Begliýew.

Jemleýji ýedinji çapyşykda öz ýyndamlygyny seýis S.Rahymowyň taýýarlan we M. Agamyradowyň çapan Meledepel atly dor aty görkezdi. Ol aralygy 2 minut 46,7 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji orny Güýçli atly gara at eýeledi. Ony ýaryşa halypa çapyksuwar O.Annalyýew taýýarlady, çapyksuwary M.Kiçigulow. Üçünji orny Gyzyldon atly al bedew eýeledi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradow, çapyksuwary B.Agamyradow. Atlaryň hemmesi-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir.

Soňra baýramçylyk ýaryşlaryny — şu günki at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga ýaryşyň we konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Uzak aralyga geçirilen ýaryşyň menzili 60 kilometre deň boldy. Türkmen bedewleri ýolda diňe ýyndamlygyny däl, eýsem, çydamlylygyny hem görkezdiler.

Şunda iň gowy netijäni 2010-njy ýylda doglan Garasakar atly gara at görkezdi. Ony B.Mämmedow çapdy. 2-nji orny 2013-nji ýylda doglan Meledepel diýen dor at eýeledi. Ony M.Daýdanow çapdy. 3-nji orna bolsa Garaguş atly gara at mynasyp boldy. Onuň çapyksuwary N.Nunnaýew.

Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklarda geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen hem şan-şöhrata eýe boldular. Olaryň görkezen netijeleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmaýar.

Ahalteke bedewleri diňe däbe öwrülen at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulan konkurda hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Elbetde, biziň türgenlerimize altyn medal getiren Aziada — 2017 ýurdumyzda atly sportuň beýleki görnüşlerini hem ösdürmäge täze itergi berer. Şonuň üçin halkara ýaryşlara gatnaşmak babatda türkmen türgenleriniň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Şonda olar dünýäniň atly sportunyň öňden gelýän liderleri bilen mynasyp bäsleşip bilerler.

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atlaryň päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça geçirilen bäsleşik barada aýdylanda bolsa, şunda 2011-nji ýylda doglan Toýçy diýen gyr at ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary we seýsi hökmünde N.Beglarýan çykyş etdi. 2009-njy ýylda doglan Altynhan atly mele at öz çapyksuwary B.Garajaýew bilen 2-nji orny eýeledi. 3-nji orna bolsa 2004-nji ýylda doglan Matlap diýen gyr at mynasyp boldy. Onuň çapyksuwary Y.Seýidow, seýsi B.Ballyýew.

Uzak aralyga geçirilen ýaryşyň hem-de konkur boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soň, şu günki baýramçylyk at çapyşyklarynda goýlan baýraklary gowşurmak çäresi boldy.

Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy.

Dabaranyň ahyrynda toplumyň sahna meýdançasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp goşgusyna düzülen “Bedew” atly aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Ol bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlaryň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen giň gerimli çärelere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

* * *

Dynç güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi. Olaryň maksatnamalaryny konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, köpçülikleýin gezelençler, şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini sylaglamak çäreleri düzdi.

Baýramçylyga gabatlanan döredijilik we sport çäreleri türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýelän hem-de adamlary hemişe ruhlandyrmagy we haýran galdyrmagy başarýan behişdi bedewlere bagyşlandy.

Türkmenistan şu günki dabaralary, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli atçylyk mekdebini ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleri bilen iri halkara atçylyk merkeziniň ornuny berkidip, gadymy däplere daýanyp, misli ýüwrük bedew kimin täze belentliklere tarap batly gadam urýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň