Soňky habarlar

Arhiw

Internetde web saýtlara girişi nädip çäklendirip bolýar? (Parental control)

0
6205

Çagalar we ýetginjekler internetden peýdalananda käte ene-atalar üçin käbir web saýtlara girişi çäklendirmek zerurlygy ýüze çykýar. Çaganyň okuwyna päsgel bermez ýaly, boş wagtyny peýdaly işlere sarp etmegi üçin kämahal interneti ýa-da internetde belli bir web saýtlary çäklendirmek gerek bolýar. Muňa mysal edip, oýun saýtlaryny, güýmenje saýtlaryny, çagalara degişli däl saýtlary bermek bolar. Internet ulgamynda muňa “Parental control” (ene-ata tarapyndan gözegçilik) diýilýär. Bu makalamyzda ýokarda agzalan meseläniň birnäçe çözümleri barada okyjylarymyza gysgaça gürrüň bermegi makul bildik.

Internete ýa-da internetde belli bir web saýtlara girişi çäklendirmek üçin birnäçe maslahatlar:

 

1. Çagaňyzyň ulanýan kompýuterine açarsöz (parol) goýmak.

Zerurlyk ýüze çykanda kompýuteri öçürip bilersiňiz we girmek üçin açarsözi diňe siziň ýazmagyňyz gerek bolar.

2. “Parental control” funksiýasy bolan ýörite programmalary çagaňyzyň kompýuterine gurnamak.

Bu programmalary degişli dükanlardan satyn almak ýa-da internetden indirmek bolar. Olaryň kömegi bilen islendik web saýtlara girişi çäklendirip bolýar, programmany açmak üçin bolsa ýörite açarsöz gerek bolýar. Ony programmany gurnan wagtyňyzda goýmaly. Bu görnüşli programmalaryň tutýan göwrümi örän kiçi bolýar we kompýuterde ýeňil işleýär.

3. Ýörite antiwirus programmasyny gurnamak.

Antiwirus programmalaryň köpüsinde “Parental control” funksiýasy bolýar. Iň aňsat usullaryň biri hem şu. Antiwirus programmasyny satyn almakaňyz ol barada internetde okaň, satyjydan “Parental control” funksiýasynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny soraň. Bar bolsa, nädip ulanyp bolýandygyny öwreniň. Netijede, kompýuteriňiz hem goragly, ýagny antiwirusly bolar, hem çagalaryňyzyň boş wagtyny netijeli peýdalanmak üçin mümkinçilik dörär.

4. “Wi-Fi” router arkaly web saýtlara girişi çäklendirmek.

Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamy hem beýleki ulgamlar bilen deň hatarda günsaýyn ösýär. Muňa mysallaryň biri – internet ulgamy. Häzirki wagtda internet köp öýde bar diýsek ýalňyşmarys. Internet köplenç “Wi-Fi” routeri arkaly peýdalanylýar. “Wi-Fi” routerleriň köpüsinde “Parental control” funksiýasy bar. Bu bölümiň kömegi bilen, internetde islendik web saýta girişi çäklendirip bolýar, hat-da internetiň işlemeli wagtyny hem kesgitläp bolýar. Mysal üçin, 22:00 – 08:00 aralygy interneti işlemez ýaly sazlap bolýar.

Belläp geçilmeli zatlaryň ýene biri, diňe kompýuterlerde däl, eýsem mobil enjamlarda hem agzalan ädimleri ýerine ýetirip bolýar.

Soraglaryňyz bolsa, şeýle-de başga ýollaryny bilýän bolsaňyz bize ýazyň, biz bolsa öz gezegimizde okyjylarymyz bilen paýlaşaly: info@turkmenportal.com  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar