Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Pul Gaznasynyň wekilýeti, Türkmenistandaky iş saparyny tamamlady

0
6832

Halkara pul gaznasynyň wekilleri, Türkmenistanda iki taraplaýyn şertnamanyň 4-nji maddasynyň çäginde iş sapary bilen bagly maslahatlaryny tamamladylar. Resmi wekiller Ýurdyň makroykdysadyýetine bolan garaýşlaryny beýan etmek bilen, 2017-nji ýylyň jemi boýunça maliýe ulgamyndaky ösüşlere, umuman ykdysadyýetiň jemleri boýunça baha berdiler. Geçirilen iş saparyň netijesi boýunça press-reliz taýýarladylar;

"Halkara Pul Gaznasy
Waşington Kolumbiýa, 20431 ABŞ"

Iş saparynyň netijeleri boýunça taýýarlanylýan maglumat habarlary HPG-nyň wekiliýetiniň jemleri boýunça deslapky netijelerinden gelip çykýan beýannamalaryndan ybarat bolup durýar. Maglumat habarynda beýan edilen garaýyşlar HPG-nyň  işgärleriniň öz garaýyşlary bolup, HPG-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň garaýyşlary bilen gabat gelmän biler. Şu iş saparynyň netijelerini 2018-nji ýylyň aprel aýynda HPG-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşinde ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.”

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär wekilleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň (önümçilik) we maliýe pudaklarynyň wekilleri we diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabada iş saparynda boldy. Iş saparynyň soňunda jenap Sommer şu aşakdakylary belledi:

“Türkmenistanyň ykdysadyýeti daşky gurşawyň oňaýsyz hem bolsa, gowulaşýan ýagdaýlaryna uýgunlaşmagy dowam edýär. Resmi derejede yglan edilen ösüş depgini 6.5 göterime deň bolup, muňa tebigy gazyň eksportynyň hem-de importyň ornuny tutýan önümçilikleriniň artmagy, şeýle hem giň gerimler bilen alnyp barlan karz syýasaty ýardam berdi. 2017-nji ýylyň dekabr aýynda hümmetsizlenme görkezijisi ýyllyk derejesi, durmuş ýeňillikleri babatyndaky özgertmeler, döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän maýa goýumlary bilen bagly pul-karz ekspansiýasy netijesinde 8 göterime barabar boldy. Birnäçe sany iri möçberli taslamalaryň tamamlanmagy netijesinde geçen ýylda ykdysadyýete gönükdirilen umumy maýa goýumlaryň paýy JIÖ-e bolan gatnaşygy 2016-njy ýyldaky 47 göterimden 41 göterime çenli azaldy. Geçen ýylda gündelik amallar hasabynyň ýetmezçiligi h em 2016-njy ýyldaky JIÖ-niň 20 göterimine deň bolan gatnaşygyndan 11 ½ göterime deň boldy. Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze toplumlarynyň ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilmegi ykdysady işjeňliginiň geljekki ösüşine ýardam berer.

HPG-nyň hünärmenleriniň pikirlerine görä ykdysady syýasatyň gysga döwür üçin esasy maksady öňküsi ýaly daşky gurşawyň näsazlyklarynyň täsirini peseltmek üçin degişli çäreleri kabul etmekden ybarat bolar. Ýakynda ykdysadyýete gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň peseldilmegi oňaýly baha mynasypdyr,emma daşarky ýetmezçiligiň möçberi hasaba alnanda, milli puluň alyş-çalyş hümmetini sazlamak boýunça, şeýle-de salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny has-da berkitmek babatynda goşmaça çäreleri kabul etmek zerurlygyna seretmek gerek. Mundan başga-da, importa we beýleki gündelik halkara töleglere amala aşyrylýan daşary ýurt pul kadalaşdyryşyň çärelerini gowşatmaklyk ýokary derejede zerur bolup durýar. Geçirilýän düzediş çäreleriniň depgini we düzümini ykdysady ösüşe we ilatyň gowşak gatlaklaryna ýaramaz täsirini ýetirmezden sazlamaly.

Ösüşiň täze ýedi ýyllyk maksatnamasy has-da diwersifisirlenen bazar ykdysadyýetiň esasynda uzak möhlet üçin durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşi höweslendirmek maksady üçin düzümleýin özgertmeleri çuňlaşdyrmaga we çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetiň hakyky (önümçilik) bölegindäki özgertmeler administratiw çäreleriň we kadalaryň ýönekeýleşdirilmegine, döwlet kärhanalaryň özgerdilmeginiň we hususylaşdyrylmagynyň tizleşdirilmegine, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryň çekilmegine gönükdirilen bolmaly. Erkin ykdysady zolaklarda iş tertibiniň ýönekeýleşdirilmegi täze hususy, şol sanda daşary ýurt maýadarlary çekmeklige mümkinçilik döreder. Islendik oňaýly tejribäni bolsa Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde giňden ýaýratmak gerek.

Soňraky alnyp baryljak salgyt-býujet, pul-karz we maliýe özgertmeleriň öňki gazanylan ösüşlere daýanyp, Türkmenistanyň ösüşine ýardam bermäge mümkinçilik bar. Býujet ýetmezçiliginiň peseldilmegini döwlet maýa goýumlary amatly şertlerde ýerleşdirmek, çykdajylaryň netijililigini ýokarlandyrmak we ilatyň gowşak gatlaklaryny goramak bilen birlikde ýeňillikleri goşmaça özgertmek arkaly goldamaly. Geljekde saglygy goraýyş we bilim üçin çykdajylary ýokarlandyrmak arkaly döwlet çykdajylarynyň akymyny maddy toplaýyşdan adam kapitalynyň artyrylmagyna gönükdirmek maksada laýyk bolar. Halkara tejribä laýyklykda, Merkezi bankyň döwlet gymmat bahaly kagyzlary bazaryndaky işjeňligini ilkinji bazardan ikinji bazara tarap gönükdirmek we şol bir wagtda pul ulgamynyň durnuklylygyny üpjin etmek maslahat berilýär. Merkezleşdirilen karzlardan tapgyrlaýyn ýüz döndürilmegi, karzlaryň bahasy kesgitlenende töwekgeçiligi bahalandyrmaklygyň giňden ulanylmagy, şeýle hem maliýe dolandyryşyň has berk binýadynyň bolmagy orta möhlet üçin maliýe durnuklylygy saklamaga ýardam berer. Häkimiýet edaralary tarapyndan Döwlet býujetini orta möhlet üçin meýilnamalaşdyrmak, býujet hasabatlylygyny Döwlet maliýesiniň statistikasynyň 2001-nji ýyl üçin gollanmasyna laýyklykda düzmek, şeýle-de milli kadalaşdyrmasynda Bazel ýörelgelerini ulanmaklygy göz öňünde tutýan maliýe bölegiň kadalaşdyryş ulgamyna gaýtadan seretmek ýaly birnäçe düzümleýin özgertmeleri meýilleşdirilýär. Bu özgertmeleri mümkin bolan pursatyndan amala aşyrmaly.

Makroykdysady we maliýe maglumatynyň (görkezijileriniň) has-da giňden ýaýradylmagy we onuň hiliniň aýratyn ýokarlandyrylmagy ykdysady akymlara has gowy düşünmäge, daşary ýurt maýa goýumlary çekmäge we bütindünýä maliýe bazarlaryna çykmagy ýeňilleşdirmäge goşmaça ýardam berer.

Halkara Pul Gaznasy Hökümetiniň amala aşyrýan özgertmelerini ykdysady syýasatynyň we işgärler syýasatynyň meseleleri, şol sanda makroykdysady görkezijilerini çaklamak, salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň esaslaryny berkitmek babatynda degişli maslahatlary bermek arkaly goldamaga taýýar.”

Çeşme: www.imf.org

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar