Soňky habarlar

Arhiw

Mobil telefona tok energiýasyny (заряд) nädip tiz bermeli?

0
5821

Mobil telefonlar gündelik durmuşymyzda ulanylýan iň wajyp enjamlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda mobil telefonsyz adamy göz öňüne getirmek kyn. Kä halatlarda, ony tok energiýasy bilen üpjün etmeklik ýatdan çykyp, zerur bolan wagty onuň gutarýan ýagdaýlaryna hem gabat gelmek bolýar. Şular ýaly ýagdaýlar üçin, mobil telefonlaryny tok energiýasy bilen tiz üpjün etmeklik boýunça okyjylarymyz üçin birnäçe peýdaly maslahatlary taýýarladyk.

  1. Eger telefonyňyzda internet açyk bolsa, hususan-da 4G ulgamda duran bolsa, telefonyňyz has köp energiýa sarp eder. Telefonyňyza tok energiýasyny berýän mahalyňyz interneti öçürseňiz maksada laýyk bolar.
  2. Gaty seýrek ýagdaýlarda telefon tok energiýasy bilen üpjün edilende onuň ekranynyň açyk galandygyny görmek bolýar. Ekran telefonyňyzyň 60% energiýasyny sarp edýär. Şol sebäpli, ekrany hem oçürmegi (blokda goýmagy) unutmaň.
  3. Tok energiýasy bilen üpjün edilende mobil telefonyňyzy “Uçuş” (режим «Полет») tertibinde goýuň. “Uçuş” tertibi saýlananda jaňlar we “sms”-ler gelmez, emma tok energiýasynyň tiz alynmaklygyna ýardam berer. Sebäbi, “Uçuş”-da telefondaky ähli prosesler we programmalaryň işi wagtlaýyn bes edilip, diňe iň zerurlary işlär, netijede, artykmaç prosesler telefonyň wagtlaýyn ýadynda ýer almaz. Şeýle-de, ýene maslahat berilýän usullaryň biri – telefony öçürip goýmaklyk. Bu hem onuň tok energiýasyny tiz almaklygyna ýardam berer.
  4. Mobil telefonyňyza tok energiýasyny onuň zawod kabelinden beriň, ýa-da ulanylýan kabelleriň hili ýokary bolsun. Arzan, emma pes hilli kabelleri ulanmaň, olar tok energiýasyny örän haýal berýärler, wagtyň geçmegi bilen bolsa işjeň däl ýagdaýa gelerler.
  5. Telefonyňyza tok energiýasyny diwardaky tok çeşmelerinden beriň. USB kabel arkaly kompýuter enjamlaryndan, awtoulagdan berseňiz onuň tok energiýasy haýal dolar.
  6. Mobil telefonuňyzy tok energiýasy bilen üpjün edeniňizde onuň ýerleşýän ýerindäki howa şertleriniň maýyl bolmasyny üpjün ediň, örän yssy bolmasyn, şu şertler hem onuň tok energiýasyny kadaly we tiz almagyna täsir edýär.
  7. Ýanyň bilen göterilýän tok energiýasyny beriji enjamlary (power banks) ulanyň. Uzak ýola gideniňizde ýa-da tok ýok ýerlerinde bu enjamlar size ýardam berer.
  8. Tok energiýasy bilen üpjün edeniňizde, tok beriji serişdä üns beriň, eger 2 amper bolsa – ortaça wagtda, 2 amperden uly bolsa tiz wagtda tok energiýasyny berer.

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar