Biz mahal-mahal täzelikleri diňlänimizde ýa-da gazetlerde maliýe we ykdysadyýet barada bir makala duşanymyzda, üstesine-de şol makalanyň ady gyzykly bolsa, onda biz şol makalany höwes bilen okaýarys ýa-da şol täzelikleri diňleýäris, emma bir salymdan öňümizden çykýan terminler kellämizi garjaşdyryp başlaýar, hem-de netijede bu makala biz üçin gyzygyny ýitirýär.
Şol sebäpden syýasatçylaryň, žurnalistleriň, maliýe ýa-da ykdysadyýet boýunça analitiklaryň, hat-da siziň işleýän edaraňyzdaky buhgalterleriň peýdalanýan terminlerine düşünme peýdaly bolar. Bu terminlere düşünip ýüzüňizi hem agras etseňiz, siz arkaýyn “Maliýe we Ykdysadyýet” mowzugy boýunça diskussiýa geçirip bilersiňiz. Terminleri iki topara bölüp bolar. Birinji – ykdysadyýete degişli, ykdysadyýetiň global möçberinde gürrüň edilende ulanylýar. Ikinji – maliýe terminleri, ykdysadyýetiň subýektleriniň arasyndaky pul gatnaşyklary barada gürrüň gidende ulanylýan terminler. Bu ýerde sorag ýüze çykýar – maliýe we ykdysadyýetiň tapawudy näme? Maliýe – bu ykdysadyýetiň esasy düzümidir.
Ykdysadyýetiň käbir terminleriň mysallary;
Jemi Içerki Önümi, gysgaça JIÖ
Bu hem ykdysady görkeziji, ýagny döwletiň ähli ykdysadyýet pudaklaryndaky bir ýylyň dowamynda sarp etmek, eksport etmek üçin ýa-da ýygnamak üçin, öndürilen harytlarynyň we hyzmatlarynyň ýerine ýetirilen görkezijisi. Milli pulda görkezilýär, gerekli bolan ýagdaýda daşary ýurt walýutasynda resmi kursy boýunça hasap edip geçirilip bilner.
Inflýasiýa
Puluň satyn almak ukybynyň peselmegi. Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň soňra düşmejek gürnüşde ýokarlanmagy. Köp adam inflýasiýa ýalňyş düşünýär, ýagny bu bahalaryň bökmesi däl, we bazardaky bahalaryň ählisiniň ösmegini hem aňlatmaýar. Adamyň adaty sarp edýän harytlarynyň derejesini we düzümini häsiýetlendirýän assortimentleriniň ýagny sarp edijiniň sebediniň bir senenamanyň dowamynda (ýyl, aý) bahasynyň galmagyna düşünilýär. Çünki käbir harytlar möwsünleýin häsiýete eýedir, mysal üçin pomidoryň ýa-da üzümiň bahasy gyş möwsüminde galýar, emma tomusda peselýär.
Sarp edijiniň sebedi
Adamyň saglygyny saklamak we onyň işeňňirligini üpjün etmek üçin zerur bolan minimal azyk önümleriň, şeýlelikde hem azyk önümlerinden gaýry harytlar we hyzmatlaryň toplumy.
Eksport
Eger-de söziň göni manysyny alsak onda eksport diýip harytlary ýa-da hyzmatlary daşary ýurda satmaklygy aňladýar. Eksport bu halkara ykdysadyýetiň esasy düzümi bolup durýär. Daşary ýurt pulunyň döwletiň içine gelmegini üpjün edýän maliýe guraldyr.
Import
Döwletiň içine harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň daşary ýurtdan getirilmegine diýilýär. Import daşary ýurt pulunyň döwletden çykdajy bolmasyny emele getirýär.
Býüjet
Bellenilen senenamanyň dowamynda döwletiň girdejileriniň we çykdajylarynyň ulgamlaýyn hasabyny alyp barmak. Bu döwletiň gaznasyna garaşylýan pul akymlaryny we şol gaznadan belli bolan çykdajylary meýilleşdrmek. Netijede galyndy emele gelmegi profisit, ýetmezçilige bolsa defisit diýilip atlandyrylýar.
Öý hojalyklary
Bu hem ykdysadyýetiň fiziki agentleri bolup, olar önüm öndürjiler we hyzmatlary ýerine ýetirjilerden, şeýle hem sarp edijilerden ybaratdyr, bular ykdysadyýetiň iş güýjini düzýär. Öý hojalyklary bir bitewi adam, maşgala ýa-da baglanyşykly bir topar adamlardan ybaratdyr. Ykdysadyýetiň ýadrosy öý hojalyklarydyr.
Gaýtadan maliýeleşdirme derejesi
Döwletiň Merkezi banky tarapyndan ýurdyň içindäki täjirçilik banklaryna berýän karzlarynyň tassyklanan göterim derejesine aýdylýar. Häzirki wagta Türkmenistanda gaýtadan maliýeleşdirme ýyllyk 5% derejede bellenilen we ş.m.
Maliýe ugry boýunça käbir terminleriň mysallary;
Birža
Bu harytlary, daşary ýurt pulyny, gymmat bahaly kagyzlary alyp satmak üçin guramaçylykly söwda meýdany. Türkmenistanda, Türkmenistanyň Döwlet Haryt-Çig-mal biržasy, Türkmenistanyň bankara walýuta biržasy, we iň täze Aşgabadyň gazna biržasy hereket edýär.
Gazna biržalary
Gymmat bahaly kagyzlary yzygiderli almana we satmana mümkinçilik berýän maliýe edara.
Gymmat bahaly kagyz
Bu hem önüň eýesine şol kagyzda kesgitlenen pul möçbere bolan emläk hukugyny tassyklaýan ýuridiki maliýe resminamasy. Gymmat bahaly kagyzlaryň görnüşleri – aksiýa, obligasiýa we ş.m.
Aksiýa
Bu hem eýesine kompaniýada maýa goýumynyň düzüminde belli böleginiň eýesidigini, bellenilen paý boýunça gazanylan pul möçberden girdeji (diwident) almaga hukuk berýän gymmat bahaly kagyz. Şeýlede aksiýa eýesine kompaniýada kabul edilýän çözgütler boýunça ses hukugyny berip ýa-da bermän bilýär, ses hukugy paýyň möçberine bagly bolýar. Bazarda aksiýanyň ýerlenmegine bolsa aksiýanyň bahasy diýilýär.
Obligasiýa
Bu hem gymmat bahaly kagyz, ýagny onuň eýesi obligasiýanyň nominal bahasyndan bellenilen prosent ýa-da gaýry emläkleri almana haky bar. Obligasiýadan gelýän girdeji göterim ýa-da diskont bolup durýär.
Peýda
Bu hem fiziki ýa-da ýuridiki şahsyýetiniň ýerine ýetirýän iş hereketiniň netijesinden alynan girdejiden, şol işi ýerine ýetirmek üçin edilen harajatlaryň aratapawudynda dörän bäbit.
Giňişleýin aýdylanda peýda, gazanylan girdejiden (öndürýän önümleriň ýa-da hyzmatlaryň ýerlemekliginden gelýän girdeji), girdeji gazanmak üçin harajadyň (harytlary ýa-da hyzmatlary satyn almak, önümçilikde öndürmek, satmak we eltip bermek) aratapawudy.
Peýda almak üçin harytlar öndürilýär ýa-da hyzmatlar ýerine ýetirilýär netijede kompaniýa ösýär, kämilleşýär we ş.m.
Terminleriň görnüşleri gaty kän, eger size gyzykly bolsa onda biziň redaksiýamyza hat ýazyň we oňa jogap ýazarys.