Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saçlaryň ösüşini tizleşdirýän 10 sany önüm

0
30615

Sagdyn, ýalpyldawuk saçlar — bu diňe bir arzuw edilýän zat däl-de, erjellik bilen ýetip bolýan maksatdyr! Munda diňe bir oýlanyşykly ideg etmek däl, eýsem dogry saýlanyp alnan iýmitlenmek hem uly kömek eder.

Saçlaryň sagdyn bolmagy üçin zerur bolan witaminler we mikroelementler:

Biotin (B witamini) — saçyň ösmegini çaltlaşdyrmakda hakyky “çempiondyr”.

D witamini — “uklap ýatan” follikullary oýarýar.

E witamini — kelläniň derisiniň saglygyny goramak bilen, okisleýji stresiň güýjüni peseldýän antioksidant hökmünde çykyş edýär.

Demir — saçyň dökülmegine garşy göreşýär we ony güýçlendirýär.

C witamini — demiriň täsirini güýçlendirmek bilen, onuň siňmegine kömek edýär.

Omega-3 — alopesiýa getirip bilýän çişmä garşy göreşýär.

Zink — saç üçin “gurluşyk materialy” bolan belogyň siňdirilmegine kömek edýär.

Saçlaryňyzy biliňize çenli ösdürip örmek üçin size haýsy önümler peýdaly?

Losos. Balykdaky Omega-3 ýag kislotalary saçyň ösmegine itergi berýär we olary has güýçli hem gür edýär. Lososyň düzüminde bar bolan D witamini saç follikulalaryna peýdaly täsir edýär, saçyň esasy “gurluşyk materialy” bolan belok onuň güýjüni we gözelligini üpjün edýär.

Sary bolgar burçunda apelsin bilen deňeşdirilende, C witamini 6 esse köpdür. Sary burçda bu witaminiň iň köp mukdary, onda-da aňsat siňdirilýän görnüşde jemlenendir (341 mg; gyzyl burçda bolsa 63 mg).

Saçyňyzyň ösmegini çaltlaşdyrmak isleýärsiňizmi? Ustrisa bilen bejeriň! Bu lezzetli gabykly mollýuskalar sink maddasyna baýdyr — günde 3 ustrisa iýmek size bu elementiň gündelik zerurlygynyň 500%-ini üpjün eder. “Artykmaçlykdan” gorkmaň: bedenimiz artykmaç sinki laýyklygy bilen dolandyrar. Munuň özi bolsa saçyň tiz ösmegine getirer.

Saçyň çalt ösmegi üçin iň möhüm düzüm bölekleriň biri ýumurtganyň sarysynda köp bolan biotindir. Belogyň biotiniň siňdirilmegine päsgel berýändigini bellemelidiris.

Çigidiň düzüminde garrylygyň we saçyň dökülmeginiň esasy sebäplerinden biri bolan erkin radikallaryň täsirini zyýansyzlandyrýan güýçli antioksidant E witamini bar.

Badat. Bu süýji we sagdyn önüm gözellik hem-de sagdynlyk üçin peýdaly bolan witaminleriň we minerallaryň hakyky ammarydyr. “Süýji kartoşkada” E witamini bolup, ol ereýän süýüme baýdyr, bu bolsa uzak wagtlyk dokluk duýgusyny berip, az kaloriýa iýmäge kömek edýär.

Awokado saçyňyz üçin örän peýdaly miweleriň biri bolup durýar. Bu miwede iki sany gymmatly düzüm bölegi bar: E witamini we bedenimiz tarapyndan sintez edilmeýän esasy ýag kislotalary. Esasy ýag kislotalary saçlary içden iýmitlendirýär, olary has berk, maýyşgak we ýalpyldawuk öwüşginli edýär.

Emma bu awokadonyň peýdasy barada aýdyp boljak hemme zat däldir! Awakado şeýle hem kelläniň derisiniň saglygy we saçyň owadanlygy üçin jogapkär bolan kollagen we elastin — beloklaryň öndürilmegine hem itergi berýär.

Badam düzüminde sinki we seleni saklaýar. Bular saçyň ösmeginde we dökülmegine garşy göreşmekde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän iki sany esasy mikroelementleriň hataryndadyr. Sinkiň we seleniň ýetmezçiligi alopeziýa sebäp bolup biler, şonuň üçin bu elementleri gündelik iýmitiňize yzygiderli goşmak örän möhümdir.

Eger badamyň tagamyny halamaýan bolsaňyz, onda ony keşýu ýa-da brazil hozy ýaly beýleki maňyzlar bilen çalşyp bilersiňiz.

Krewetkalaryň 100 gram mukdary D witaminiň gündelik kadasynyň 38%-ini öz içine alýar. Bu diňe bir saçyň çalt ösmegine kömek etmän, has güýçli, ýalpyldawuk we elastik bolmagyna ýokary derejede täsir edýän zatdyr.

Noýba sinke, demire, biotine we foliý turşusyna — sagdyn saç üçin möhüm bolan witaminlere we minerallara baý önümdir.

Öz gündelik iýmitleniş aýratynlygyňyzy, ýagny rasionyňyzy seljeriň. Ýokar bellenilip geçilen önümleriň haýsylaryny eýýäm yzygiderli iýýärsiňiz we haýsylary size ýetmezçilik edýär?

Peýdalanylan çeşmeler: www.thevoicemag.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar