Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Üzüm: bu miwäniň rasionymyzda bolmagynyň 6 sebäbi

0
20981
Üzüm: bu miwäniň rasionymyzda bolmagynyň 6 sebäbi
Freepik

Üzüm — bu diňe bir süýji tagamly miwe bolman, eýsem, baý taryhy bilen tapawutlanýan önümdir. Ony baryp neolit zamanasynda Ýakyn Gündogar sebitinde ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar, onuň ýetişdirilmeginiň syrlary bolsa müsür ierogliflerinde ýazuw görnüşinde saklanyp galypdyr.

Häzirki günde Ýer ýüzünde üzümiň 8 müňden gowrak sorty bar bolup, seleksionerler häzirem onuň täze görnüşlerini oýlap tapmagyň aladasynda ýaşaýarlar. Bu sortlar iýmitlik (adaty görnüşde iýmek üçin), tehiki (çakyr önümçiligi üçin) hem-de uniwersal, ýagny hem iýmitlik, hem-de çakyr öndürmek üçin diýen ýaly görnüşlerde tapawutlandyrylýar. Üzümiň kaloriýalylygy onuň sortuna baglydyr: bu babatda iň gowy sort kişmiş sorty hasaplanyp, onuň kaloriýalylygy — 100 gram önüme 270 kkal-dan düşýär. Emma bu getirilen görkeziji orta hasap bilen pesräk hem gelýär.

100 gram üzümiň iýmitlik gymmaty:

Kaloriýasy: 57 kkal
Beloklar: 0,81 gr
Ýagy: 0,47 gr
Uglewodlar: 14 gr
Iýmit süýümi: 4 g [2]

Üzüm — witaminleriň (C, K, B topar), fitonitrientleriň, kaliniň we misiň gorudyr. Şeýle-de bolsa, ýokumly maddalaryň iň köp konsentrasiýasynyň önümiň lötünde däl-de, gabygynda we şänigindedigini bilmek möhümdir.

Üzümiň alty sany peýdaly tarapy:

1. Ýaşlygyňy saklamak

Üzümiň düzümine flawonoidleriň we beýleki antioksidantlaryň 150-den gowrak görnüşi girýär. Bu maddalar erkin radikallara — garramagy çaltlaşdyrýan we Alsgeýmer hem Parkinson ýaly dürli keselleriň döremegine itergi berýän, öýjüklere zeper ýetirýän durnuksyz molekulalara garşy göreşmekde möhüm hyzmata eýedir.

2. Immunitetiň ýokarlanmagy

Gyzyl üzümiň düzüminde bar bolan antioksidant resweratrol bedeniň dogabitdi immunitetini güýçlendirip biler. Bu antioksidantyň täsiri D witamini bilen birleşdirilende ep-esli ýokarlanýar.

Bedeniň ilkinji gorag ugry diýlip hem atlandyrylýan täze immunitet bakteriýa ýokançlyklaryna garşy göreşmek üçin jogapkärdir.

3. Erbet keseliň öňüni almaga kömek edýär

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, üzüm diňe bir erbet keseliň öňüni almagyň çäresi bolman, eýsem bedeniň umumy saglygyna hem giňden täsirlidir. Bu miweleriň döş, içege we prostata mäzleriniň döremek howpuny azaldýandygy subut edildi. Üzüm tohumynyň ekstrakty zyýanly prostat öýjükleriniň ösüşini togtatmak ukybyna eýedir.

4. Ýürek-damar ulgamynyň goldawy

Üzüm ýürek-damar ulgamynyň saglygyna peýdaly täsir edýän polifenollara baýdyr. Bu maddalar “gowy” holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär hem-de aterosklerozyň döremek howpuny azaldýar. Gyzyl we gara üzüm, esasanam, polifenollara baýdyr.

Üzümde polifenollardan başga-da, ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän resweratrol bar.

100 g üzümiň gan ýygnamagyna we süňk dokumalarynyň gurluşygyna gatnaşýan protrombin we osteokalsin beloklaryny öndürmek üçin zerur bolan K witaminiň gündelik zerurlygynyň 28%-ini üpjün edýändigini bellemelidiris.

5. Süýji keseliniň öňüni almaga kömek etmegi

Üzümi yzygiderli iýmek 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpuny peseldýär. Bu täsiriň aýallarda erkeklere garanyňda has aýdyň ýüze çykmagy bellärliklidir.

Şol bir wagtyň özünde üzüm şiresini ýygy-ýygydan içmegiň hem süýji keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp bilýändigini bilmek zerurdyr.

6. Süňkleriň güýçlüligini saklaýar

Üzümdäki K witamini we mis süňk dokumalarynyň emele gelmeginde hem-de güýçlenmeginde möhüm rol oýnaýar. Bedende mis ýetmezçiligi ösüşiň togtamagyna sebäp bolup biler.

Üzümi islendik ýaşda iýmit rasionyňyza goşmak sagdyn we güýçli süňkleri saklamaga kömek eder.

Üzümiň zyýany

Üzüm düzüminde fruktozany köp saklaýar. Onuň bolsa artykmaç sarp edilmegi garnyň ýellenmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin üzümi nahar arasynda ýa-da boş aşgazana nahar hökmünde iýmek maslahat berilmeýär.

Göwrelilik döwründe süýji keselinden ýa-da gestasion süýji keselinden ejir çekýän adamlar üzümi seresaplylyk bilen iýmelidir.

Üzüm allergiýa hem sebäp bolup biler. Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri bar bolsa, üzüm şänigini ýuwutmak maslahat berilmeýär.

Üns beriň! Makala diňe maglumat bermek maksady bilen ýazylandyr.

Peýdalanylan çeşme: RBK Life

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar