Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gaýnadylanda ýokumlylygyny saklaýan witaminler

1
33586

Gaýnadylanda (ýylylyk täsiri) haýsy iýmitler peýdaly täsirlerini ýitirýär? Bu sowal köpleri gyzyklandyrýar. Bu makalada witaminleriň temperatura duýgurlygy seljerilýär, sebäbi olaryň hersiniň öz ýylylyga bolan durnuklylyk güýjüniň çägi bardyr.

C witamini — ýylylyk täsirini iň kabul ediji witamin. Onuň bölünmesi suwda erän witaminiň kislorod bilen okislenmegi sebäpli ýüze çykýar.

C witaminiň ýitip gitmesi aýratyn-da şu ýagdaýlarda ýokarydyr:

- gabyň gapagyny açyp nahar bişirilende;
- iýmitler sowuk suwa salnanda;
- 70 gradusa çenli gyzdyrylanda witaminiň mukdary ep-esli azalýar ýa-da bütinleý ýitýär;
- iýmitiň gyzgyn halda ýygnalyp goýulmagy;
- önümleri kesmek we arassalamak olaryň kislorod bilen täsirleşmegini artdyrýar.

Mysal üçin, kelem gaýnadylanda C witaminini 90%-e, bişirilende 50%-e hem-de bugda taýýar edilende bolsa 20-30%-e çenli mukdarda ýitirýär.

B topar witaminleriniň ýylylyga çydamlylygy dürlüçedir.

Has takygy, B1 witamini (tiamin) nahar bişirilende peýdaly ýokumyny 45%-e, gowrulanda - 42%-e, buglananda bolsa - 30%-e çenli ýitirýär. Şeýle hem bu witaminler pes temperaturalara duýgur bolup, doňdurylan mahalynda önümdäki B1 witamininiň ýarysy ýitýär.

B2 witamini (riboflawin) ýylylyk täsirine has çydamlydyr. Ol önüm buglananda bary-ýogy 10%, gaýnadylanda bolsa 43%-e çenli ýokumyny ýitirýär.

B3 witamini (PP) şeýle ýagdaýda peýdaly häsiýetlerini 5 — 40% aralygynda ýitirýär.

B12 witamini (siankobalamin), esasan-da, kislota gurşawynda ýylylyga durnuksyzdyr.

Ýylylyga iň durnuksyzy hem B9 witaminidir (fol turşusy). Onuň peýdaly häsiýetleri 80-90%-e çenli ýitýär.

Emma iýmiti gysga wagtlyk gaýnatmak bolsa piridoksiniň (B6 witamini) täsirini birneme güýçlendirýär.

Ýylylyga çydamly witaminler ýagda erän witaminleri öz içine alýar — A, D, E, K. Olar 100 gradusa çenli gyzdyrylanda hem peýdaly häsiýetlerini saklaýar.

Önümleriň gaýnadylmagy ýa-da buglanmagy, bir tarapdan, olaryň witaminleriniň saklanmagyna hem täsir edýär. Iň laýyk gelýäni bolsa buglamak hem-de gaýnatmakdyr. Witaminlere has zyýanlysy bolsa gowurmak we bişirmekdir.

Witaminlerden başga-da, beýleki birleşmeler iýmitlere peýdaly häsiýetleri berýär. Käwagt olaryň emele gelmegi ýa-da has gowy siňdirilmegi üçin ýylylyk täsiri zerurdyr. Dogry taýýarlanylan ýagdaýynda durnukly elementler saklanyp bilner we durnukly elementleriň peýdaly aýratynlyklary ýüze çykar.

Bişirilen ýagdaýynda has peýdaly iýmitler:

Käşir. Gaýnadylan käşirdäki karotinoidler beden tarapyndan çig käşirden 5 esse gowy kabul edilýär. Has ýokary derejede peýdaly bolmagy üçin gök önümi 10-15 minutlap gaýnatmalydyr.

Ter ýeralma. Çig görnüşinde bu gök önümiň peýdasy ýa-da tagamy az bildirýär, ýöne onuň gabygynda kaliý we C witamini köpdür. Ter ýeralmany onuň gabygyny artman bişiriň.

Gowrulan sogan. Ösümlik C witaminlerine, B topar witaminlere we antioksidant kwersetine baýdyr. Kwersetiniň wirusa garşy täsiri bolup, ýüregiň saglygy üçin peýdalydyr. Gysga ýylylyk täsiri bilen, meselem, duzlamak ýa-da gowurmak bilen, sogandaky kwersetiniň mukdary birnäçe esse köpelýär hem-de kislotasy azalýar, bu bolsa sogany iýmit siňdiriş ulgamy üçin has ygtybarly edýär.

Bişirilen alma. Ter miweler — bu witaminleriň we minerallaryň, şol sanda C, P, E witaminleriniň, B topar witaminleriň, marganesiň, kaliniň we demiriň uly ammary diýen ýalydyr. Termiki täsirde bu maddalaryň käbiri ýitýär. Ýöne bişirilende bolsa almanyň içindäki pektiniň — aterosklerotik plitalaryň döremeginiň öňüni alýan we içegelerde peýdaly bakteriýalaryň ösmegine itergi berýän antioksidantyň düzümi ýokarlanýar.

Buglanan kelemde çig kelemden has az C witamini bar, ýöne ol metabolizmi gowulandyrýan we kalsiniň siňmegine kömek edýän süýt kislotasyny öndürýär. Şonuň üçin hem, bişirilen kelemi peýnir, dorag we beýleki süýt önümleri ýaly kalsä baý iýmitler bilen sazlaşykly kabul etmek laýyk bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: ndsmi.by; aif.ru; tea.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar