Bagt — bu diňe bir daşky ýagdaýlar bilen bagly zat däl-de, eýsem akyl ýetirişiň bilen hem bagly. Bagtly bolasyňyz gelýärmi? Onda her gün özüňize we başga adamlara iň bolmanda birnäçe ruhlandyryjy jümle bilen ýüzlenjek bolup görüň. Bu diňe bir olaryň göwnüni açman, özüňize-de ýakymly bolar.
«Sizi görenime şat»
Biziň her birimiz durmuş ýolumyzda köp adam bilen gabatlaşýarys. Özüňize ýakymly ýa-da eziz gören adamyňyz bilen duşuşanyňyzda hökman şatlygyňyzy aýan etmek isleýänsiňiz. Şeýle adamlara durmuşyňyzda gabat gelendigi, bardygy üçin gadyryny bilýändigiňizi görkezmekden çekinmäň. Muny başarmak üçin üýtgeşik zähmet gerek däl, mysal üçin, ofise gireniňde ýa-da dostuň bilen duşuşaňda aýtsaňam ýeterlikdir.
«Men başarýaryn»
«Başarmamsoň, pylan zat etmeli boldum» diýen ýaly jümläni «Arkaýyn başarýaryn» diýen jümle bilen çalşyp görüň. Näme tapawudy bar eken? «Başarmamsoň...» diýenimizde başyna barýan işimize jogap tapmak hakda birjigem oýlanjak bolmaýarys. Netijede nägile bolanymyz, durmuşdan öýkelänimiz galýar.
«Başarýaryn» diýsek, öz eden saýlawymyza ynamly garap, netije-de gazanýarys. Ol hem ynamdan gaýdýany üçin oňyn bolýar.
Birnäçe mysala ýüzleneliň:
«Işe ýetişmek üçin hemişe ir turmaly bolýaryn» diýmegiň ýerine, «Ir turýan welin, işe arkaýyn ýetişýärin» diýmäge synanyşyň. Birinji ýagdaýda bir zady ýerine ýetirmäge kimdir biri mejbur edýän ýaly bolýarsyňyz, soňam işe bolan gaharyňyzy görkezýärsiňiz. Ikinji ýagdaýda isleseň edip bolmajak zat ýok diýen ýörelgä eýerip, ünsüňizi diňe ir turmaga jemleýärsiňiz. Bir ýerde işläp ýörmegiň özi nähili gowy, razylaşman gitjek ýeriňiz ýok.
Agşamlyk naharyny edinmek üçin ikirjiňlenip durman, bütin maşgala üçin datly nahar taýýar etdiňiz. Entek garaşyň, çagalaryňyz ösüp-ulalar, bu naharyň tagamyndanam süýji agşamlyklar ýönekeý bir ýatlama bolup galar.
«Hiç hili gynanamok»
Bir zada gynanmak ýa-da ökünmek durmuşymyzy kadaly ýaşamagymyza päsgel berýär. Bu hatda bir zadyň arzuwyny gereginden artyk edenimizde hem şeýle bolýar. Mysal üçin, häzirki bar zatlarymyza şükür etmegiň ýerine pylan hili zadym bolaýsady diýip arzuwa çümýäris. Şonuň üçinem gynanmagy, ökünmegi bes edýäris-de, geljege tarap ädim ädýäris.
«Giňişleýin gürrüň bersene»
Kimdir biri ýüregini açyp derdini paýlaşmakçy bolanda, oňa dessine maslahat bermäge ýa-da meselesini çözmäge howlukýarys. Emma bu hemişe peýda berýän endigem däldir. «Giňişleýin gürrüň bersene» diýen jümle söhbetdeşiňize ony üns bilen diňlemek isleýändigimizi görkezýär. Şondan soň, ol özüni diňlenýän adam hökmünde duýup, pikirlerini, duýgularyny seljerip başlaýar. Bu çemeleşme daş-töwerekdäkiler bilen ynamdar gatnaşmaga, umumy dil tapmaga ýardam eder.
«Ýok»
Bagtly adam öz durmuşy barada gürrüň bermekden saklanýar. Ol özi üçin nämäniň möhümdigini bilýär we beýlekileriň öz şahsy giňişligini bozmagyna ýol bermeýär. Şonuň üçin bagtly adam üçin «ýok» diýmek özüni we bähbitlerini goramagyň tebigy usulydyr. Ol halamaýan, ýa bolmasa-da özüne laýyk gelmeýän zady ret edýär, biriniň göwnüne degmekden gorkubam, başgalaryň gidýän ýolundan gitmeýär.
«... edil häzir-ä»
Adam: «... edip bilemok», «... başaramok» ýa-da «men pylan hili däl» — diýen mahaly, ol täze mümkinçiliklere getirip biljek gapylaryny ýapýar. Bu edilýän haýyşlaryň jogabyna «edil häzir-ä...» diýen düşünjäni goşsa welin, özüniň hyzmatdaşlyk üçin ygrarlydygyny we gowusyny etmäge taýýardygyny görkezip biler. Bu, has takygy, siz häzir bu haýyşy bitirip bilmeýärsiňiz, ýöne mümkinçilik dörese welin hökman ony amal edersiňiz diýmek.
Peýdalanylan çeşmeler: life.ru
Şeýle-de okaň: