Döwrebap modaçylaryň keşplerinde milli stildäki aksessuarlar we bezegler barha giň gerime eýe bolýar. Etniki önümler adamlara özleri barada beýan etmäge we däp-dessurlar bilen baglanyşygyny görkezmäge ýardam edýär.
«Turkmenportal» web saýtynyň okyjylarynyň dykgatyna hatda iň talapkär modaçylary hem biperwaý goýmajak milli türkmen stilindäki sowgatlary hödürleýäris.
Türkmen şaý-sep bezeglerini bir gezek göreniňde tanap bolýar. Bilezikler, gulakhalkalar, gülýakalar, halkalar häzirki zaman görnüşi bilen ajaýyp sazlaşýar. Bilege dakylýan uly bilezik gündelik durmuş geýimleri bilen, mysal üçin jins ýa-da ýubka bilen wodolazkadyr ýeňli köýnekçe geýmek bilen gelşikli keşbi döreder. Kümüş gülýakany öwersaýz penjegiň laskanyna dakyň we bu moda görnüşiňiziň iň esasy bölegine öwrüler. Saçyňyzy at guýrugynyň şekilinde uzynlygyna yza goýbermek kümüşden ýasalan we ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelen ajaýyp gulakhalkalary görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Milli stildäki torbalar — bu diňe bir öz indiwiduallygyňy görkezmäge däl-de, häzirki zaman keşbi döretmekde stilli aksessuar hökmünde hyzmat eder.
Adaty türkmen gölleri we keşdeleri bilen bezelen torbalary dürli egin-eşik stilleri bilen sazlaşdyryp bolýar. Ol jins kurtka bilen, boho stilindäki ýaglyk, ýubka we jalbar bilen gelşikli görünýär.
Ine birnäçe ideýalar:
- monohromly. Mysal üçin, gara nagyşly sumkany gara köýnek ýa-da jalbar bilen bile ulanyp bilersiňiz.
- gündelik. Jins we futbolka bilen daş keşbiňize etnik stiliň täsirini goşup bilersiňiz.
- iş. Aksessuaryň milli äheňde bolmagy iş eşigini ýa-da resmi ofis köýnegini täzeçe görkezip biler.
Milli nagyşly ýeňsizler — bu diňe bir egin-eşik elementi bolman, eýsem sungat eseri ýalydyr.
Dükanlardan dürli görnüşdäki ýeňsizleri tapyp bilersiňiz: uzyn ýa-da gysga, giň ýa-da dar. Nagyş ýeňsiziň tutuş ýüzüne ýa-da diňe aýry böleklerine salnyp biler.
Täze ýyl üçin täsin keşbi döretmegiň ýene bir usuly — eşiklere, baş gaplaryna we ş.m. milli nagyşlary salmagy sargyt etmek.
Türkmenistanyň häzirki moda dizaýnerleriniň hyýallaryna uly orun berýändigini bellemelidiris. Şonuň üçin etnik stilde sowgat saýlanyňyzda, bu sowgady kabul edýän adam üçin aýratyn buýsançly boljakdygyna ynanyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: