Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilim — kämilligiň binýady

0
315

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen biz ýaşlaryň ylymly­ bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerimiz ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ylym­-bilim ulgamynyň has­da kämilleşdi­rilmeginde, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa ornaşdy­rylýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlaryny ylma çekmek syýasatynyň amala aşyrylyşynyň hukuk bin­ýady Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Döwlet ylmy­ tehniki syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Ka­nunlaryna esaslanýar. Munuň özi özgertmelerimiziň hem­de ylmyň täze gazananlarynyň köp maksatly häsiýetine, ýokary hil standartlaryna, ösen döwrebap ynsanperwer ugurlaryna şaýatlyk edýär. Netijede, ylym we bilim ugurlarynda amala aşyrylýan özgerişleriň hemmesi döwletimiziň diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine ýardam berýär. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdür­mek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz üçin diýseň buý­sandyryjydyr. Biz ýaş nesillere eşretli zamana­myzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Aganyýazowa Nurana

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar