Her ýylda däp bolşy ýaly sazçylyk mekdepleriň uçurymlaryň arasynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen bäslesik geçirilýär.
Bu ýyl hem Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň gurnamagynda “Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” şygary astynda Arkadag Serdarymyzyň baştutanlygynda “Bagtyýar nesil parahatçylygy wasp edýär” ady bilen ýaş nesilleriň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik tapgyrma-tapgyr geçirilip ilki etrap, welaýat soňra paýtagtymyzda geçirilip, ýaş ökde sazandalar saýlanyp alyndy.
Bäsleşige gatnaşyp baýrakly orunlary almak bagty hem Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň çagalar sazçylyk mekdebiň bilim alan zehinli uçurymlaryň paýyna düşdi. Olardan bagşy hünäriniň zehinli uçurymlarynyň biri Kakaýewa Arzuw halypa A. Ablyýewiň “Uz eýlär” atly eserini hem-de türkmen halk aýdymy “Köne güzer” aýdymy ýerine ýetirip, Şöhrat Tagandurdyýewiň halypalyk etmeginde III orny eýeläp diplom bilen sylaglanyldy.
Gyjak hünäriniň uçurymy Şöhradow Aýdyň gyjaga ussatlyk bilen erk edip, türkmen kompozitory A. Agajykowyň “Türkmen tansy”, Ş. Gurbannepesowyň “Höwesim” we türkmen halk sazy “Bike halan” eserleri çalyp mugallymy Tawus Jumabaýewiň taýýarlamagynda bäşleşige gatnaşyp hormat hata eýe boldy.
Bagtyýar halkymyzy ýagty geljege alyp barýan, ýaşlara uly ynam bilen garaýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Jumabaýewa Tawus
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çagalar sungta mekdebiniň mugallymy