Nädip «Turkmenportalyň» kömegi bilen brendiň meşhurlygyny artdyrmaly

0
38036

Brendiň, başgaça aýtsak harydyň ýa-da hyzmatyň at-abraýynyň islendik kompaniýa ýa-da kärhana üçin esasy üstünlik getirýän zatdygy öz-özünden mälim hakykatdyr. Brendiň meşhurlygy näçe ýokary bolsa, girdeji şonça-da köp bolýar. Telekeçiler brendiň meşhurlygyny ýokarlandyrmak, maksatly auditoriýany mümkin boldugyça köp çekmek hem-de iň tanalýan söwda gurşawyna girmek üçin dürli hili hileleri ulanýarlar.

Harydyňy ýa-da hyzmatyňy tanatmak satuwyň artmagyna uly ýardam edýär, sebäbi şol bir görnüşdäki önümleriň köpdürli hataryndan alyjylar haýsy hem bolsa bir özlerine tanyş bolan önüme uly ähmiýet berýärler. Edil şonuň ýaly, eger şol tanyş bolan önümi ýa-da hyzmaty hil babatda müşderini kanagatlandyrýan bolsa, onda onuň has giň, hatda has meşhur harytlaryň arasyndanam köp ýagdaýda özüne başga bir önümi gözlemejegi bellidir. Galyberse-de, täze tanymallyga eýe bolan brend, heniz bu önümden peýdalanmadyk adamlar üçin has-da täsirli we özüne çekiji görünýändir.

Brendiň tanalmagynyň üç derejesi tapawutlandyrylýar:

  • top of mind — önümiň islendik görnüşi barada gürrüň edilende sarp edijiniň ilki bilen kellesine gelýän zat — brendiň ady. Mysal üçin, jinsler diýlende hemişe diýen ýaly — Lewi Ştraus, süýji gazly suw — Coca-Cola, çaga pampersleri — Pampers;
  • brand recall — önümiň öz-özünden tanalmagy. Sarp ediji gaty köp ýagdaýda heniz logotipi görmezden belli bir markany ýatlaýar, ol adaty bilýän zadyna görä belli bir işde gerek bolanda tanaýan kompaniýalaryň atlaryny sanaýar. Bir adamdan iň meşhur awtoulag kompaniýalarynyň adyny tut diýseň, ilki bilen, «Mersedes», «BMW», «Toyota» we beýleki dünýäniň brend hasaplanýan awtoulaglaryny ýadyna salar;
  • brand recognition — brend alyjy tarapyndan önümiň logotipi ýa-da onuň gaby bilen tanalýar.

Önümiň tanalmagy we onuň mahabaty edil başlangyç kompaniýalar üçin zerur bolşy ýaly, bazary uzak wagtlap özleşdiren kompaniýalar üçin-de möhümdir. Her gün täze kompaniýalar peýda bolýar, olaryň käbiri üstünlik gazanýar we satuwyň çürbaşynda galmak üçin tagalla etmeseler bolsa, olaryň «könelmegi» ap-aýdyň mümkindir. Tanalýan brende bolsa alyjylarda we müşderilerde özboluşly ynam bolýar, markanyň mahabaty hem awtomatiki usulda önümiň düşewüntli söwdasyny döredýär.

Brendiň tanalýandygy ölçemegiň birnäçe usuly bar. Birinjisi: web sahypa girip önüm baradaky makalany görýänleriň sanyny, sosial media ulgamlaryndaky teswirleri, KHBS-de önümiň ýatlanylýan ýerlerini yzarlamaly.

Ikinji usul: Internet sahypalarynda brende bildirilýän islege gözegçilik etmek — gözleg ulgamynda näçe ulanyjy kompaniýanyň adyny ýa-da sahypanyň URL-salgysyny ýazyp gözledýär ýa-da girýär. Markanyň ady ýazylýan bolsa ýa-da web sahypasynyň salgysyna girilýän bolsa, onda ulanyjy marka bilen eýýäm tanyşdyr.

Şeýle hem brendiň üstünligi onuň hut tanalýandygy üçin amala aşyrylan satuwlaryň netijesinde ýüze çykan satuw göteriminde öz beýanyny tapyp biler. Brendiň mahabatlandyrylmagynyň we tanalýandygynyň ýene bir nyşany — görlen sany, mahabatyň üstüne basylmagy, ahyryna çenli görülmeginiň sanydyr (eger gürrüň wideo kontent barada barýan bolsa).

Önümiň ýa-da hyzmatyň tanymallygyny ýokarlandyrmagyň, ýa bolmasa-da degişli derejede saklamagyň strategiýasy işlenip düzülende hökmany suratda önümiň maksatly auditoriýasynyň önüme bolan garaýşyny we özara täsir ediş usullaryny, şeýle hem tanatmak kampaniýasynyň ahyrky maksatlaryny kesgitlemeli. Brendiň tanymallygyny ýokarlandyrmagyň usullary aşakda beýan edilýär.

Göni marketing — sosial ulgamlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde mahabatlandyrmak, daşarda ýerleşdirilýän mahabat, aksiýalar barada, harytlaryň täze getirilmegi hem-de täze hyzmatlar barada Push-habarnama ibermek.
Onlaýn, şeýle hem offlaýn usulda bäsleşikleri we bijeli oýunlary geçirmek.

«Loýallyk programmalary» — hemişelik müşderileri sowgatlar, arzanladyşlar we bonuslar bilen höweslendirmek.

Köp yzarlaýjysy bolan meşhur blogerleri, media sferasyndaky tanymal adamlary brendiňi mahabatlandyrmaga çekmek.

Hemaýatkärlik we haýyr-sahawat, çärelere gatnaşmak. Esasan-da, uly sport ýaryşlaryna, medeni çärelere — festiwallara, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly netijeli seslenmä eýe bolup bolar.

Ykdysady çärelere gatnaşmak — halkara sergiler, forumlar, konferensiýalar.

Kompaniýanyň brendini mazamlamagyň, köplere äşgär etmegiň we tanymallygyny ýokarlandyrmagyň iň täsirli usullarynyň biri-de kompaniýanyň alyp barýan işleri barada elektron neşirlerde habardyr makalalary çap etdirmekdir. Türkmen senagatçylary we telekeçileri üçin «Turkmenportal» informasion portaly kärhananyň meşhurlygyny we tanymallygyny artdyrmak üçin bu ugurda iň bir täsirli gural bolup biler.

Tomaşaçylaryň giň köpçüligini birbada täze önüm ýa-da hyzmat bilen tanyş etmek, bu saýtyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda internet ulanyjylarynyň arasynda giňden meşhurlygy, saýtyň «Biznes» bölümçesinde täzelikleriň örän köp okalmagy — bularyň ählisi islendik kompaniýanyň ýa-da kärhananyň meşhurlygyny ýokarlandyrmaga hem-de potensial müşderileriň ünsüni çekmäge tiz we ýokary derejede ýardam edýär. Hatda saýtyň sahypalarynda kompaniýanyň adynyň ýöne ýatlanylmagy hem okyjylaryň ýadynda galyp, bu brendiň tanalmagyna goşant goşýar.

Şu ýagdaýda bellemeli zat, elektron habar beriş neşirleriniň hemmesiniň markany mahabatlandyrmak meselesinde deň derejede netijeli däldigi. Bu meselede abraýy ýokary, köpçülik tarapyndan ýygy-ýygydan görülýän we okyjylaryň ýokary derejede ynamly, ygtybarly hasap edýän çeşmesini saýlamak gerek. Türkmen kompaniýalary üçin şeýle ygtybarly çeşme — Türkmenistanda 10 ýyldan gowrak wagt bäri internet ulanyjylaryna Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň möhüm täzeliklerini, ýurduň medeni, işewürlik durmuşyna degişli hem-de gyzykly maglumatlaryny dessin ýetirip gelýän «Turkmenportal» informasion portalydyr.

«Turkmenportal» — diňe bir habarlar platformasy bolman, eýsem, ykjam goşundylary, web sahypalary hem-de onlaýn hyzmatlar ýaly IT önümleri işläp düzüjidir. «Turkmenportal» döwlet we hususy edaralardyr guramalar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar.

Statistik maglumatlara görä, «Turkmenportal» web saýtyna bir aýyň dowamynda 6 milliondan gowrak adam tomaşa edýär, onuň sosial media ulgamlardaky sahypalary bolsa Türkmenistanda işjeň ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.

«Turkmenportal» web saýtynyň sahypalarynda kompaniýalaryň işleri barada ýerleşdirilen makalalar olaryň gyzyklanma bildirýän müşderiler, hyzmatdaşlar tarapyndan tanalmagyny ýokarlandyrmaga, täze müşderileri we hyzmatdaşlary çekmäge, şeýle-de imijini we abraýyny pugtalandyrmaga kömek edýär. «Turkmenportal» bu babatda kärhanalardyr kompaniýalara habardyr interwýulary ýazyp bermekden makalalary ýerleşdirmäge we bannerleri döretmäge çenli hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

«Turkmenportal» şeýle hem kompaniýalaryň web saýtlaryny we ykjam goşundylaryny döretmek ýa-da ösdürmek işleri bilen IT hyzmatlaryny ýetirmäge taýyndyr.

Eger «Turkmenportal» web saýtynyň ýardamy bilen brendiňiziň meşhurlygyny ýokarlandyrmak isleseňiz, biziň bilen info@turkmenportal.com elektron poçta salgysy ýa-da +993 12 94 00 94 telefon belgisi arkaly habarlaşyň.

Biz Siziň bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we işewürligiňizi ösdürmek üçin iň gowy çözgütleri hödürlemäge şat bolarys. «Turkmenportal» — internet dünýäsinde ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar