Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Näme üçin 35 ýaşdan uly hünärmenleri işe kabul etmeli

0
47404

Edil aýdymlarda ýa bolmasa-da çeper eserleriň mazmunynda söýginiň ýaşy saýlamaýandygy baradaky durmuşy pikiriň beýan edilişi ýaşy ulularyň bu babatdaky düşünjesinde saklanýar. Emma köplenç halatda iş orny baradaky bildirişlerde «Resepşnde işlemek üçin ýaşy 25-den uly bolmadyk ýaş gyz işgär gerek» diýen ýaly sözler ondan uly ýaşly adamlarda ýaşynyň gidip barýandygy bilen bagly oýlandyryjy pikiri döredýän bolsa gerek.

Köp iş berijiler dalaşgärleriň ýaşyna garamaýarlar we muny bäsdeşlik meselesinde ýerliksiz usul hasaplaýarlar. Köplenç «eýjizmi» (ýaş diskriminasiýasy) 45 ýaşdan uly adamlar başdan geçirýärler.

Iş we işgär tapmak pudagynda meşhur bolan hh.ru saýty iş berijiler barada gözleg geçirmek bilen, hut ýaş aýratynlygy sebäpli dalaşgärleriň ýüz öwürmeginiň sebäplerini mälim etdi. Ine, olardan käbiri:

  • ýaşuly dalaşgärler o diýen çeýe däl (käbirleri köne bilimlere daýanmak bilen, köp zady bilýändiklerine ynanýarlar);
  • gaýtadan işiň usullaryny öwretmek kyn bolýar (täzeden öwreniji bolmak islegi ýok);
  • özlerinden kiçi ýaşly ýolbaşçy bilen baglylykda az jogapkärçilik duýýarlar;
  • az hereketli;
  • ýaşuly işçiler täze şertlere uýgunlaşyp haýal uýgunlaşýarlar, ylalaşyp we öz nikdaýnazarlaryny üýtgedip bilmeýärler.

Hh.ru saýtyndaky makalada bellenilişi ýaly: «Käwagt sebäpler diňe «ýaşuly» işgärler baradaky stereotipiki pikirlere, käte işinde gaty gowy işlemedik ýa-da uýgunlaşyp bilmedik uly ýaşly işgäri işe almagyň hakyky az netijeli tejribesine esaslanýar».

Şeýle-de bolsa, 35 ýaşdan uly işçileriň ýaş hünärmenlerden belli-belli artykmaçlyklary bar.

Köp ýyllaryň dowamynda hünär tejribesi kämilleşip gelýär. Netijede, iş berijileri gorkuzýan ýaş aýratynlygynyň adamyň öz hünäri, dürli kompaniýalardaky iş tejribesi we dogry karara gelmek ukyby boýunça çuňňur bilim alandygy öwezini dolýar. Ýaşy uly işgäriň bu gymmatly başarnyklary häzirki zaman tehnologiýalary we gurallary baradaky bilimler bilen doldurylmalydyr.

Esasanam, amaly tejribe ýyllaryň dowamynda könelmän, gaýtam baýlaşýar, ol lukman, mugallym, hukukçy ýaly hünärlerde tersine, örän möhüm hyzmata eýedir. Wagtyň geçmegi bilen iş usullary we gurallary üýtgäp biler, ýöne köp ýyllyk tejribe esasy wezipeleriň birini ýerine ýetirýär.

Iş ýyllarynyň hem-de tejribesiniň dowamynda döredilen aragatnaşyklar käbir iş proseslerini ep-esli aňsatlaşdyryp we tizleşdirip biler.

Kompaniýa bolan gatnaşykda wepadarlyk. Ýaşyň gitdigiçe iş tapmagyň has kyndygyny bilip, ýaşy uly adamlar wezipesine ýa-da iş ornuna ýokary baha berýärler we işlerine jogapkärçilikli garaýarlar.

Özüni döwrebap we netijeli dolandyryjy hasap edýän kompaniýanyň başlygy ýaş kemsidilmesini ýeňip geçmek meselesine aýratyn ähmiýet bermelidir. Iri maslahat beriş kompaniýalarynyň bilermenleri telekeçilere «uzak ömür» we «ýaş» diýen adalgalary telekeçiligi ösdürmegiň strategiýalaryna goşmagy maslahat berýärler.

Dürli ýaşdaky we dürli iş tejribesi bolan adamlaryň bilelikde işlemegi, şeýle hem başarnyklaryň we pikirlenişiň tapawutly bolmagy — toparyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň özboluşly usulydyr.

Sözümiň ahyrynda, ýaşy uly mahalynda üstünlik gazanmagy başaran adamlaryň birnäçesini mysal getirýäris:

Meri Keý Eş ömrüniň köp bölegini satuw agenti hökmünde işläninden soň, 45 ýaşynda wagty durmuşyny özgertmegiň wagtynyň gelendigi barada oýlanyp, «Meri Keý» kosmetika kompaniýasyny esaslandyrdy. Häzirki wagtda «Mary Kay Cosmetics» kosmetika önümçilik pudagynda ýyllyk dolanyşygy takmynan 3 milliard dollar bolan, kosmetika önümlerini öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir.

Reý Krok — meşhur «McDonald's» toruny esaslandyryjy. Restoranlar toruny açynmak pikiri onuň 52 ýaşynda wagty, doganlar Dik we Mak MakDonalds-lar bilen duşuşandan soň aňyna gelýär.

«Men 52 ýaşymdadym. Özem süýji keselim we artritim bardy. Öt haltamy aýyrdylar. Ýöne durmuşymda köp zady üýtgedip biljekdigime ynanýardym» - diýip, Reý Krok üstünligiň syry dogrusynda paýlaşdy.

Şeýlelik bilen, ýaş iş tapmaga ýa-da karýeranyň basgançagyna çykmaga hiç hili päsgelçilik bolmaly däldir. Esasy zat, işjeň bolmak, täze zatlar bilen gyzyklanmak we özüňe ynanmakdyr. Iş berijiler ýaşy uly dalaşgärlere has hoşniýetli bolmaly we tortdaky şemleriň sanyna däl-de, hünär häsiýetlerine we şahsy aýratynlyklaryna baha bermelidirler.

Peýdalanylan çeşmeler: hh.ru; www.e-xecutive.ru; www.vedomosti.ru; www.kickidler.com; www.forbes.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar