Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Işden nägile bolmaga getirip biljek 7 faktor

1
17218

Köp adamlar işiň iň kanagatlandyrýan taraplary hökmünde ýokary möçberdäki aýlygy, gowy zähmet şertlerini, oňaýly iş syýasatynyň bolmagyny we ş.m. zatlary belleýärler. Şeýle-de bolsa, adamlaryň hersini dürli zatlar işden nägile edip biler. Meşhur iş we işgär gözlemek web saýty bolan hh.ru kärine garamazdan, köp adamlaryň arasynda nägileligi döredýän käbir şertler barada mysal getirýär.

Negatiw gurşaw we ýaramaz özara gatnaşyk

Kyn iş gurşawy ofise gitmek isleginiň we işe bolan hyjuwyň peselmegine sebäp bolup biler. Gündelik jedelleşýän kärdeşler, nägile müşderiler we awtoritar dolandyryjylar — umumy ýüze çykýan meselelerdir, ýöne bu müşgillikler çözülip hem bilner. Esasanam, bu mesele edara hormat-sylaga hem-de aragatnaşyga dogry baha berýän ýagdaýynda mümkindir. Şonda islendik negatiw ýagdaýlar tiz we täsirli çözüler.

Näme etmeli? Kadasyz aragatnaşyk bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda, oňa asla üns hem bermäň. Iş etikasynyň ýörelgeleri güýjüni ýitirmeýär. Kim bilen aragatnaşyk saklaýandygyňyza (kärdeşiňiz ýa-da müşderiňiz) baglylykda, degişli aragatnaşyk usullaryny saýlaň.

Umuman, asuda bolmak, nägileligiň sebäplerini tapmak we netijeli çemeleşmelere üns bermek möhümdir. Bir edarada ýaramaz hereketler kadadan çykma däl-de, adaty ýagdaý bolsa, tapawutly taraplaryňyza ähmiýet beriň we şeýle şertlerde işlemäge taýýardygyňyzy kesgitläň.

Gybat-gürrüň, dartgynlylyk

Dartgynly ýagdaýlar we gybat-gürrüňler, köplenç, karýerany ösdürmegiň usuly hökmünde kabul edilýär. Käbir edara-kärhanalarda hatda adata hem öwrülýär, ýöne işgärleriň hemmesi bu aragatnaşyk usulyna taýýar bolmaýar.

Näme etmeli? Talabalaýyk bolmadyk gatnaşyklardan gaça duruň. Seni jedele ýa-da gybatyň içine çekjek bolsalar, dymyň, bu temany ara alyp maslahatlaşmak, başga bir zat barada gürrüň etmegi ýa-da temany üýtgetmek islemeýändigiňizi düşündiriň. Subýektiw pikirler däl-de, faktlara esaslanýan zatlar barada gürleşjek boluň. Hiç bir üýtgedip biljek zadyňyz bolmasa-da, ýolbaşçyňyza düşündirmekden çekinmäň. Dawa-jenjel soňky derejesine ýetmänkä, onuň öňüni alandan gowusy ýokdur.

Işiňi bimany ýaly duýmak

Köp adamlar işde iň möhüm zat aýlyk diýip düşünýärler. Şeýle-de bolsa, jemgyýete peýdaly bir möhüm iş edýändigiňi duýup ýaşamak juda möhümdir. Iş manysyz ýaly görünse, biperwaýlyga we hyjuwsyz hereket etmäge sebäp bolup biler.

Näme etmeli? Hünäriňden täze manylary agtarmak hyjuwyňy artdyrmagyň hem-de işiňden kanagatlanmagyň ýoludyr. Hünäriňiziň kim üçin peýdalydygy barada pikir ediň we ony has-da gymmatly etmek üçin tagalla ediň. Iş prosesindäki ownuk-uşak özgertmeleriňiz hem ýagdaýy has gowulaşdyryp, edara we kärdeşleriňize peýdaly bolup biler.

Oňaýsyz iş şertleri

Goh-galmagal, içgysgynçlyk, oňaýsyz oturgyçlar, ýagtylygyň ýetmezçilik etmegi — bularyň hemmesi konsentrasiýanyň peselmegine, ýadawlyga we stresiň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

Näme etmeli? Oňaýsyz iş şertlerini nädip ýeňip geçmelidigi barada käbir maslahatlar:

- kärdeşleriňizden kadaly sesde gepleşmegini haýyş ediň ýa-da başga bir otagda gepleşmegini soraň. Bu kömek etmese, gohy basýan nauşniklerden peýdalanyň.
- howa çalşygyny sazlamak. Otagy yzygiderli ýelejirediň we nemlendirijileri ulanyň. Bu kömek etmese, kondisioner ýa-da beýleki howa çalşygy ulgamlaryny gurnamak haýyşy bilen edaranyň ýolbaşçylaryna ýüz tutuň.
- öýde işlemek barada pikir ediň. Beýleki usullaryň hemmesi kömek etmeýän bolsa, öýde ýa-da iş şertleriniň has amatly bolan başga bir ýerde işlemegiň mümkinçiligini öwreniň.

Asinhron iş we kadaly guralmadyk prosesler

Bölümleriň kadasyz işi we olaryň köne proseduralar bilen sazlaşykly däldigi edara-kärhananyň işiniň netijeliligini peseldýär. Mysal üçin, marketologlar arzanladyş yglan etseler, ýöne satuw bölümine bu barada duýduryş bermeseler, işgärleriň heniz taýyn däl mahaly ýüztutmalar köp bolar.

Şeýle hem, işgärler artykmaç zähmeti talap edýän ýa-da isleýişleri ýaly netije bermeýän işleri etmek islemeýärler. Bu bolsa işde lapykeçlige we höwesiň peselmegine getirýär.

Näme etmeli? Meseläni jogapkärler bilen ara alyp maslahatlaşyň we öz çözgüdiňizi teklip ediň. Munuň özi meselä ünsi çekmäge we ony çözmegiň ýollaryny tapmaga kömek eder. Şunda özüňizi başlangyjy öňe sürýän hem-de jogapkär işgär hökmünde subut edersiňiz.

Hünär taýdan ýöntemlik we görkezme üçin bolşuna görä işlemek

Kärdeşleriň we ýolbaşçylaryň biperwaýlygy hatda iň wepaly işgärleri hem peseldýär.

Haçanda biperwaýlyk atmosferasy ýüze çyksa, hatda iň zähmetsöýer işgär hem tagallalarynyň biderek ýerine ýetirilýändigini duýup biler. Bu dolandyryjy gol astyndakylara ýeterlik üns çekmese we netijeleri gazanmaga itergi bermese bolup biler.

Näme etmeli? Işiňizde ileri tutýan zatlaryňyza düşünmek möhümdir. Işewürlige höwesli bolsaňyz we pikirdeş adamlar bilen bilelikde gymmatly bir zat döretmek isleseňiz, edarada hünär çemeleşmesiniň ýöntem bolmagy sizi gaharlandyrar. Topar kemçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga açyk bolsa we hemişe kämilleşmäge çalyşsa, amallary gowulaşdyrmaga goşant goşup bilersiňiz. Hiç kime bu zerurlyk gerek däl bolsa, şunuň ýaly edarada işlemegi dowam etdirmelimi ýa-da tersine diýen pikir seriňizde at salar.

Artykmaç işlemek kada bolan ýagdaýynda

Käbir kompaniýalarda artykmaç işlemek gowy işgäriň alamaty hasaplanýar. Bu gapma-garşylykly ýaly bolup görünýär, sebäbi näçe netijeli işleseňiz, meseläni bitirmek üçin az wagt sarp edýärsiňiz. Işgär hemme zady wagtynda ýerine ýetirýän bolsa, ýöne yzygiderli gijä galan bolsa, onda onuň aşa iş ýükli bolmagy ähtimal. Bu ýagdaýda ýolbaşçylar onuň iş ýüküni täzeden gözden geçirmeli we ondan has köp zat talap etmegini bes etmeli. Şeýle-de bolsa, köplenç tersine bolýar: aşa işlemek adaty ýagdaýa öwrülýär.

Näme etmeli? Artykmaç iş wagty bilen baglanyşykly ähli iş şertlerini iş beriji bilen öňünden ara alyp maslahatlaşmak zerurdyr. Söhbetdeşlik wagtynda kompaniýanyň iş tertibinden artyk iş wagtynyň bardygyny, näçe ýygy-ýygydan bolýandygyny, haýsy ýagdaýlarda we haýsy göwrümde bolup biljekdigini soraň. Gijä galmak ýa-da dynç günleri işlemek isleseňiz, tölegiň nähili tölenjekdigini ylalaşyň. Islendik şertde iş wagtyndan artyk işlemäge taýýar däl bolsaňyz, bu barada iş berijiňize hem habar beriň.

Işgäriň diňe bir jogapkärçilik däl, eýsem zähmet şertnamasynda görkezilen we kanun bilen kadalaşdyrylan hukuklarynyň hem bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar