Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Liderlik barada 10 sany toslama

0
20506

Soňky ýyllarda edaradyr guramany dolandyrmagyň liderlik stili ýolbaşçylaryň arasynda iň giňden ara alnyp maslahatlaşylýan temalaryň birine öwrüldi.

Liderlik etmek hakda köplenç pikirlerimiz metbugatda, kitaplarda we filmlerde görýän şekillerimize esaslanýar. Mybiz.ru saýty bilen geçirilen söhbetdeşlikde «Corporate Sufi Worldwide-yň» esaslandyryjysy hem-de direktory Azim Jamal has gowy lider bolmaga kömek edýär diýlip düşünilýän, emma aslynda bolsa ýalňyş bolan on sany toslama barada gürrüň berdi.

1-nji toslama. Ýolbaşçy adam toparyň içinde bäsdeşligi has giňeltmeli

Toparyň agzalarynyň arasyndaky bäsleşigiň üstünligiň açarydygyna ynanýan ýolbaşçylar ýalňyşýarlar. Bu çemeleşme hakykata laýyk gelmeýär, sebäbi bir toparda her bir adam öz hyzmatyny ýerine ýetirýär. Hyzmatdaşlyk bäsdeşlikden has täsirli, sebäbi adamlara birleşmäge we has gowy netijelere ýetmäge mümkinçilik berýär. Adamlar umumy maksat üçin bilelikde işleseler, has üstünlik gazanýarlar.

2-nji toslama. Lider öz gol astyndakylara berk gözegçilik etmeli

Barlaglaryň görkezişi ýaly, işgärlere berk gözegçilik etmek innowasiýa we döredijilige päsgel berýär. Emma ynam bildirmek bolsa, tersine, adamlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

3-nji toslama. Ýolbaşçy elýetmez bolmaly

Käbir ýolbaşçylar işgärleriň hormat-sylagyny artdyrmak üçin elýetmez we saýlama bolmaly diýip ýalňyşýarlar. Şeýle-de bolsa, ýolbaşçy işgärleri bilen ýüzbe-ýüz gürleşende olar bilen aragatnaşyk gurýar we olaryň müşgillikleriniň özi üçin parhynyň ýokdugyny görkezýär. Mundan başga-da, başagaý bolan ýolbaşçy öz toparynyň işleýän ýagdaýyna has gowy düşünýär. Toparyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini görüp, olary çözmegiň ýollaryny tapýar.

4-nji toslama. Liderde harizma bolmaly

Harizmatik liderler köplenç aragatnaşyk etmek we ynandyrmak ukybyna eýedirler. Şeýle-de bolsa, harizma üstünlikli ýolbaşçylyk etmek üçin zerur şert däldir. Köp ýolbaşçylar öz garaýyşlary, yhlasy we başarnyklary bilen hormat gazanýarlar.

5-nji toslama. Ýolbaşçy bolup dogulmaly 

Elbetde, käbir adamlarda belli bir ýolbaşçylyk häsiýetleri bardyr. Şeýle-de bolsa, tejribe, halypalardan öwrenmek, taýýarlyk we adamlara ýolbaşçylyk etmek islegleri arkaly gazanyp, ösdürip ýa-da kämilleşdirip bolýar.

6-njy toslama. Ýolbaşçylar — bu ýolbaşçy wezipelere bellenen adamlar.

Liderlik — bu wezipe däl-de, şahsyýetiň häsiýetli aýratynlygy. Hakyky lider üçin ýokary wezipe gerek däldir, munda diňe dogry çemeleşme we dolandyryjy bolmak islegi gerekdir. Formal däl liderler islendik guramada möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler.

7-nji toslama. Lider hemme zady bilmeli

Diňe iň gowy liderler öz gowşak taraplaryny oňa duýup bilýärler we töweregini özleriniň ýetmezçilikleriniň üstüni dolduryp biljek adamlar bilen gurşap alýarlar. Hemme zady bilmek hiç kime başartmaz, şonuň üçin toparyň üstünligi dürli başarnykly we dürli derejeli adamlaryň arasynda hyzmatdaşlygy talap edýär. Ýolbaşçylar ýalňyşlyklaryň bolup geçýändigine düşünýärler, ýöne şol ýalňyşlyklardan öwrenmelidigine hem düşünýärler. Liderler ýalňyşlyklardan nädip ýokary derejede sapak almalydygyny hem bilýärler.

8-nji toslama. Lider ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzalaryndan ýaş taýdan uly we tejribeli bolmaly

Käbir ýagdaýlarda ýaş we tejribe hakykatdanam liderlige täsirini ýetirýän möhüm şertleriň biri bolup biler. Möhüm, ýöne hökmany däl! Guramalarda täzeçil pikirlenmäni ornaşdyran ýaş, başarnykly we gujurly liderler barada köp sanly mysallary tapmak bolýar.

9-njy toslama. Lider — egoist we özüne has uly ähmiýet berýän bolmaly

Gowy lider üstünlikleri diňe beýleki adamlaryň kömegi bilen gazanyp boljakdygyna düşünýändir. Beýlekiler bolsa liderligiň üstünlik gazanmagyň ýeke-täk faktory däldigine we ýeke bolup maksada ýeke ýetip bolmajakdygyna düşünýändirler.

10-njy toslama. Lider ýokary derejeli işleri tabşyrmaýar

Beýik liderler yzyna eýerijileri däl-de, liderleri döredýärler. Gowy görelde bolmak we işgärlere möhüm işleri tabşyrmak bilen, öz ukyplaryny beýan etmäge mümkinçilik bermegiň netijesinde liderleri döredýärler.

Peýdalanylan çeşmeler: mybiz.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar