Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tejribeli işgärler işini näme sebäpden taşlap biler: Iň köp gabat gelýän sekiz sebäp

0
34516

Bir işde «başyndan ahyryna çenli», ýagny uniwersiteti tamamlan wagtyndan, tä pensiýa çykýança şol bir işde işleýän adamlar kän bir gabat gelmeýär. Ynsan psihikasy özgerişligi talap edýär, şol sebäpdenem köp adam belli bir işde bary-ýogy bir ýyl işläninden soň, ýadamak bilen bolýar. Adamlar dürli sebäplere görä käte şahsy meseleleri boýunça, käte bolsa hünärini kämilleşdirmek maksady bilen işlerini täzeläp bilýärler. Ýolbaşçylarynyň we kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan tejribeli hünärmenleriň işden çykmagynyň iň köp gabat gelýän  sebäplerine seredip geçeliň.

Munuň iň giňden ýaýran sebäbi — maliýe ýagdaýy bilen bagly. Adamlaryň köplenç halap işläp ýören işini taşlap, aýlyk hakynyň has gowy ýerini saýlamagy geň däldir. Beýle adamy günäkärlemek bolmaz, sebäbi ahyrky netijede, adamlaryň köpüsi ideýa üçin däl-de, esasy zerurlyklaryny (iýmit, ýaşaýyş jaýy, saglyk üpjünçiligi we çagalary üpjün etmek) üçin işleýär.

Işden çykmagyň ýene bir umumy sebäpleriniň biri — karýera. Karýeranyň geljeginiň ýok bolmagy, birnäçe ýyllap bir wezipede oturmak gowy potensialy we doly ulanyp bilmeýän bilimleri bolan hünärmenlerde nägileligi döredýär. «Beýle ýagdaýda men hünärmen hökmünde ösemok, mümkinçiliklerimi açamok» - diýip, köp sanly ýaş işgärler işden çykmak kararyny düşündirýärler.

Artykmaç iş ýükleri hatda iň agzybir işgärleriň hem gowy işini taşlamagyna sebäp bolup biler. Jogapkärçiligiň ýokarlanmagy, yzygiderli nerw dartgynlygy we işde howlukmaç işlemek — bularyň hemmesi ýadawlyk sindromy diýilýän ýagdaýa getirip biler. Köplenç, hatda beýle ýagdaýda aýlygyň ýokarlandyrylmagy-da dynç almak üçin, işden çykyp biljek adamlary gelen netijesinden saklap bilmez.

Çeýe däl iş tertibi. Bu köplenç halatda aýallaryň işden çykmagyna sebäp bolýar. Öý hojalyk işlerini we çagalary terbiýelemegiň köp böleginiň aýallaryň paýyna düşýändigi öz-özünden düşnükli. Zenan çagalaryny mekdebe, çagalar bagyna ýa-da klublara äkidýär, eger olar ýaramasa lukmana äkidýär. Çagalara has köp üns bermek zerurlygy köplenç iş jogapkärçiligi bilen gapma-garşy gelýär. Ýolbaşçylar bu meselede başga bir gün dynç almak baradaky haýyşlary ýerine ýetirmek islemese ýa-da işiň aýratynlygy dynç güni asla kabul edilmeýän bolsa, işden aýrylmak we has çeýe tertipli iş gözlemek kararyna gelinýär.

Işiň öýden has uzakda bolmagy. Adamlaryň aglabasy 1,5-2 sagadyny ýolda geçirmek islemeýärler, esasanam maşgalasy we çagalary bar adamlar. Jemgyýetçilik ulaglarynda gatnamak iş öndürijilik kuwwatyňy alýar, şeýdibem işe sarp edip biljek güýjüň ýola gidýär.

Kärdeşleriňden nägile bolmak. Beýle ýagdaýyň sebäbi yzygiderli hyjuwlar, gybat we dawa-jenjel bilen meşgullanýan işgärler, şeýle-de iki ýa-da üç sany halanýan işgärlerini bellän, başgalaryň zerurlyklaryny we hukuklaryny äsgermeýän başlyklar bolup biler. Bu hili gatnaşyk köplenç işgärleriň arasynda nägilelikleriň döremegine getirýär. Kärdeşleriň bilen agzybir galyp işlemek islegiň ýolbaşçylar bilen bolýan gapma-garşylyklar — işiňe hormat goýmazlygy, wadalaryny ýerine ýetirmezligi, islendik esasda diskriminasiýa, hemme zada aşa gözegçilik etmek we kärdeşleriň arasyndaky ýaramaz bäsdeşlik sebäpli «öldürilýär».

Käbir adamlar içgysgynçlyga we adaty zatlara çydap bilmeýärler. Täsirleri we iş ugurlaryny üýtgetmek üçin köplenç beýle adamlar iş ýerlerini üýtgedýärler. Olar köp ugurda hünärmen bolup bilerler, ýöne täze bir zadyň gözleginde bolmak bilen, uzak wagtlap bir ýerde galmaýarlar.

Ileri tutýan ugruň üýtgemegi we iş çygryňy çalyşmak islegi. Şol sebäpli işden çykmak karary köplenç hünärinden göwnüçökgün bolan ýa-da iň ýokary derejä ýeten we mundan beýläk ösüşiň mümkin däldigine düşünýänler tarapyndan kabul edilýär. Bu ýerde hünär ýadawlygy hem sebäp bolup biler.

Iş ýerini üýtgetmegiň has az ýaýran sebäplerinden biri hem, özüňe, maşgalaňa we güýmenjäňe has köp üns bermek, öz işiňe başlamak, başga bir şähere göçmek, saglyk meseleleri we işe gyzyklanmanyň peselmegi bilen baglydyr.

Işden çykmagyň nähili sebäbi bolsa-da, işgäriň işini üýtgetmegi ýüregine düwen bolsa, ony uzak wagtlap saklamak mümkin däldir. Şeýle-de bolsa, işgärleriň dolanyşygyny azaltmagyň ýollary bardyr. Muňa bolsa kollektiwde sagdyn atmosferany saklamak, her bir işgäriň işine adalatly baha bermek, hünärmen hökmünde karýeranyň geljegi we ösüşi, mynasyp aýlyk we dynç almak mümkinçiligini ýola goýmak ýaly ýörelgeler esas bolup hyzmat edip biler.

Peýdalanylan çeşmeler: vc.ru; dirclub.ru; pro.rabota.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar