Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenleri öwmek we işe hyjuwlandyrmak: muny nädip sowatly we täsirli alyp barmaly

0
17805

Islendik işde ynsanyň hyjuwlanmagy hökmany. Iş babatda bu hasam. Şonuň üçin her bir işleýän adam üçin, hatda dilden bolaýanda-da öwgüli sözler ýa-da hyjuwlandyryjy bahalandyrma zerurdyr. Tejribeli ýolbaşçy öz hünärmenlerine nähili derejede höweslendiren-de işiň netijeli we ikitaraplaýyn sylanyşykly boljagyny gowy bilýär. Hünärmeniň kärhana ýa-da gurama üçin nähili gymmatynyň we kärdeşleriniň arasynda näderejede gadyrynyň bardygyny beýan etmegiň birnäçe ýollary bar.

Işgäri höweslendirmegiň usullaryny material we material däl diýen toparlara bölüp bolar. Material höweslendirmäniň pul baýragy bilen üpjün edilýändigi düşnükli. Bu höweslendirmä işgäriň pul baýragy bilen sylaglanmagy, aýlyk hakynyň ýokarlandyrylmagy, üstünlikli ýerine ýetiren işi üçin pul baýragynyň berilmegi, köp ýyllyk tejribesi ýa-da işde gazanan ýokary netijeleri üçin maddy üpjünçilik degişli bolup biler. Şeýle-de material taýdan höweslendirmä işgäriň kärhada göterimine işlemegi, işgäre harytlaryň amatly bahadan berilmegi, kärhananyň önümlerinden sowgatlary bermegi, täze, has girdejili wezipä bellemegi we beýleki şu hili işleri degişli etmek bolar.

Eger kärhananyň ýa-da guramanyň mümkinçiligi bar bolsa, işgärler üçin ýeňillikli petekleriň alnyp berilmegi hem örän amatly şertdir. Munda mysal üçin işgäriň özi ýa-da çagalary islendik bir dynç alyş merkezine ýa-da sanatoriýa az tölegli ýa-da tölegsiz esasda iberilip bilner. Şeýle-de kärhana işgäriniň çagasynyň okuw tölegini, ulag çykdajylaryny üpjün edip, otagyny ýa-da öýüni abatlamaga ýardam berip biler.

Işgäri höweslendirmegiň ýene-de bir gowy usuly bilelikde medeni-dynç alyş ýerlerine gitmekdir (kärhananyň hasabyna). Deňze dynç alşa gitmek, tebigatda dynç almak, teatra gidip gyzykly sahna oýnuny görmek ýaly işler işgärde özi barada edilýän aladany görmäge mümkinçilik berýär.

Hünärmeni geljekki zähmet üstünliklerine material däl ýol bilen hem gyzyklandyryp bolar. Iň ýönekeý höweslendirme hünärmeni öwmekden başlanýar. Bu höweslendirmä şeýle-de hormat hatlary bermek, Hormat tagtasynda hünärmeniň suratyny asmak ýaly işler degişlidir. Hünärmeniň ýokary professionalizminiň has-da kämilleşmegine onuň hünärmenler köpçüliginiň öňünde çykyş etmegi ýa-da leksiýa bermegi, haýsydyr bir mowzuk boýunça gürrüň bermegi hem täsir eder.

Işgäri höweslendirmegiň özboluşly usullarynyň biri oňa dynç almak üçin boş wagt bermekdir. Mysal üçin, iş ýerinde ýeňillik döretmek — öýüne irräk goýbermek, goşmaça dynç gününi ýa-da birnäçe günläp dynç bermek, iş gününi gysgaltmak we ş.m.

Doglan güni bilen tüýs ýürekden we guramaçylyk gutlamak-da işgäriň işe bolan yhlasyny artdyrýandyr, şeýle-de bu iş hünärmeniň kollektiwde sylanýandygy baradaky duýgyny döredýär.

Bulardan başga-da, hünärmene onuň pikiriniň kärhana üçin örän zerurdygyny bildirip durmak gerekdir. Muny bolsa ýygnaklarda her bir işgäre pikirini aýtmaga, garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berip ýola goýup bolar.

Umuman, hünärmenleri işlerine yzygiderli höweslendirip durmakda ýolbaşçy tarapyndan material hem-de material däl höweslendirmeler ýola goýlup durulmalydyr, olary utgaşdyrmalydyr. Işgärleriň hemişe höweslendirilip durulmagy hem hünärmenlerde bu ýadgaýa öwrenişmegi döredýär. Höweslendirmeler az bolan ýagdaýynda hem işgärleriň işine bolan höwesi bolmaz, işiň çygrynda täzeçillikler, ösüşler we oňyn netijeler ýüze çykmaz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar