Dünýädäki iň görnükli sungat muzeýleriniň biri — Ispaniýada ýerleşýän (Madrid) özboluşly «Sungatyň altyn üçburçlugy» muzeýidir. Muzeý özünde üç sany meşhur gymmatlygy jemleýär: Prado muzeýi we Tyssen-Bornemisa muzeýi, Şa aýaly Sofiýanyň Sungat Merkezi. Ol 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Prado muzeýi — ajaýyp Prado bulwarynda ýerleşýär; Ispan dilinde «Prado» «çemenzarlyk» diýmegi aňladýar, gadymy döwürlerde bu ýerde owadan çemenzarlyk hem-de monastyr bolupdyr. Bu bina neoklassisizm stilinde binagär Huan de Wilanuýewa tarapyndan Karl III üçin gurlup, taryhy muzeý üçin niýetlenendir. Soňra Napoleonyň dogany Žozef binada sungat muzeýini ýerleşdiripdir. Döwrüniň iň uly panoptikumy «Prado» resmi taýdan 1819-njy ýylda açyldy, onuň esasy eserlerini bolsa şanyň suratlar ýygyndysy düzýär.
Surat: espanarusa.com
Muzeýiň döreýiş taryhy XVI asyrda çeper suratlara eýe bolup başlan Ispaniýanyň şa zenany Izabella Braganskanyň ady bilen baglanyşykly bolup, onuň mirasdüşerleri bolsa XIX asyra çenli muzeýiň galereýasynyň üstüni ýetirip durupdyrlar. Häzirki wagtda 9,000-den gowrak çeper sungat eserleriniň bolmagy muzeýiň diňe Luwr ýa-da Ermitaž bilen deň derejedäki iň baý ýygyndysyny düzýär.
Ol ispan, italýan, flamand, golland suratkeşleriniň ajaýyp eserlerini, şekilleri we estamplary, heýkelleri, keramika we zergärçilik şaý-seplerini öz içine alýar.
Dünýä belli eksponatlary: Diego Welaskesiň «Freýlinler», Fransisk Goýanyň «Ýalaňaç Maha», Albreht Dýureriň «Adam ata we How ene», Ieronim Boshanyň «Ýeriň lezzetler bagy», Paul Rubensiň «Jadygöýleriň sejdesi», Harmensz wan Reýn Rembrandtyň «Artemisiýa» eseri we beýlekiler bar.
Iň uly ýygyndy — «Dofiniň hazynasy» bolup, ol Filip V-iň kakasy Brýik Dofinden miras galan gymmatly zatlardan ybaratdyr.
Prado muzeýinden uzak bolmadyk ýerde XIX asyr köşgünde — Willaermosa köşgüniň häzirki zaman böleginde Tyssen-Bornemisa muzeýi ýerleşýär.
Surat: world.meros.uz
Döredilmeginiň taryhy — bu ýerdäki eserler maliýe kynçylyklaryny başdan geçiren amerikanlaryň kolleksiýalaryndan (1920-nji ýyldan başlap) satyn alnypdyr we nemes senagatçysy Baron Genrih fon Tyssen-Bornemisa hem-de garyndaşlary tarapyndan toplanypdyr. Bu muzeýde öz gezeginde dünýä ýüzünde ilkinji iň uly hususy surat eserleriniň galereýasy bardyr.
1986-njy ýylda Baron Hans Tyssen-Bornemisa aýaly Karmen Serweranyň haýyşy boýunça ýygyndyny simwoliki bahadan Ispaniýa satýar. Muzeý 1992-nji ýylda gaýtadan açylýar we Madriddäki meşhur sungat merkezleriniň birine öwrülýär.
Muzeýiň baý ýygyndysy XIII asyryň italýan gotikasyndan başlap, 20-nji asyryň Amerikan pop-art sungatynyň eserlerine çenli bolan günbatar sungatynyň taryhy gymmatlyklaryny çuňňur açyp görkezýär.
Surat: world.meros.uz
Ýygynda girizilen gymmatlyklar: Tisanyň, Rubensiň, Rafaýeliň, Moneniň, Renuaryň, Kandinskiniň, Winsent Wan Goguň, Pikassonyň suratlary, ofortlary, grawýuralary, çyzgylary hem-de nagyşlary. Salwador Daliniň suratlaryndan bolsa bularyň arasynda — «Penjiräniň öňündäki gyz», «Arlekin» we başgalar hödürlenilýär.
Şa aýaly Sofiýanyň häzirki zaman sungat merkezi — 40,000 tomdan ybarat kitaby bolan kitaphanaly we pinakotekaly sungat muzeýi Şa aýaly Sofiýanyň adyny göterýär we dünýäde iň köp gelim-gidimli muzeýleriň ýigrimisiniň hataryna girýär. Ispanlar bu muzeýe ispan dilinde «Şa aýaly» hem-de «Sofida» diýmegi aňladýan «Reýna» adyny uly hormat bilen berdiler (sebäbi ol Fransiýadakyt Pompidu muzeýine meňzeýär).
Häzirki zaman sungat merkezi 1986-njy ýylda Şa aýaly Sofiýa (öňki San Karlos hassahanasynyň binasynda) açyldy we 1988-nji ýylda Ispaniýanyň milli muzeýi statusyna eýe boldy. Onuň resmi açylyşy 1992-nji ýylda bolup, oňa Şa aýalynyň özi we maşgalasy gatnaşdy.
Surat: kuku.travel
Zehinli fransuz binagäri Žan Nuwel muzeýiň binasyny täzeledi hem-de giňeltdi (gaýtadan abatlaýyş 2005-nji ýyla çenli dowam etdi), ony täze ajaýyp görnüşe getirdi: onda uly göwrümli penjireler, basgançaklar, döwrebap uniwersal liftler ýerleşdirildi.
Muzeýde birnäçe gat bardyr: 2-nji, 4-nji we 5-nji gatlarda möhletleýin tematiki sergiler ýerleşýär. 3-nji gatda Ispaniýanyň häzirki zaman sungatynyň suratlarynyň dürli görnüşlerini we tendensiýalaryny beýan edýän suratlar ýerleşdirilen: sýurrealizm, kubizm, ekspressionizm, awangard, konseptualizm. Olaryň arasynda Huan Gris, Salwador Dali, Huan Miro, Hulio Gonzalez, Pablo Pikasso ýaly ägirtleriň görnükli eserleri bar.
Surat: kuku.travel
Ýygyndynyň bahasyna ýetip bolmajak «merjeni» Pablo Pikassonyň «Gernika» atlandyrylýan suraty bolup, ol diňe bir suratkeşe däl-de, eýsem muzeýiň özüne-de bütin dünýäde meşhurlyk getirdi. 1980-nji ýyla çenli Nýu-Ýorkuň häzirki zaman sungat muzeýinde saklanan eser soňlugy bilen Ispaniýa getirildi.
Suratyň sýužeti hakyky durmuşy wakalara esaslanýar we basklaryň Gernika şäheriniň faşistler tarapyndan 1937-nji ýylda 1500-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan bomba partlamasy şekillendirilýär. «Gernika» awtor tarapyndan ak-gara reňkde şekillendirilip, ölüm, wagşyçylyk, ejir we ejizlik ýaly sahnalary açyp görkezýär; eserde weýrançylyga sezewar bolan şäher garaňkylyga bürenýär. Pikassonyň esasy eseri — urşa, faşizme garşy gaharly garşylygy alamatlandyrýar we parahatçylyga hem-de abadan durmuşa çagyryş bolup öňe çykýar.
Biri-biriniň üstüni ýetirýän üç muzeýden ybarat bolan «Madridiň sungatynyň altyn üçburçlygy» sungatyň ösüşiniň taryhyna bitewi umumylaşdyrylan garaýşy döredýär. Bu ispanlaryň, şeýle-de syýahatçylaryň aglabasynyň gezelenç etmegi halaýan iň täsin ýerleriniň biridir.
Peýdalanylan çeşmeler: ru.m.wikipedia.org; wikiway.com; muzei-mira.com; tonkosti.ru; travelforg.livejournal.com; lokoco.eu; m.saint-petersburg.ru; v-madride.com
Şeýle-de okaň: